Habar

2023-nji ýylyň 16-18-nji maýy aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Almaty şäherinde Halkara söwda merkeziniň Ýewropa Bileleşigi bilen ýakyn hyzmatdaşlykda Merkezi Aziýada Ready4Trade taslamasynyň çäginde guramagynda Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça çäreler geçirildi.  Bu Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek býounça Portalyň meselelerine bagyşlanan sebitleýin tegelek stol hem-de 2-nji Ýewropa Bilelişigi-Merkezi Aziýa ykdysady forumy. Çärelere Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekili gatnaşdy.

Tegelek stoluň dowamynda söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça portallaryny durmuşa geçirmek, sebitleýin gepleşikleri güýçlendirmek üçin teklipler, CAGateway portaly üçin mundan beýläkki ädimler, şeýle hem täze onlaýn maglumat gurallaryny kämilleşdirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

2-nji Ýewropa Bilelişigi-Merkezi Aziýa ykdysady forumynda Merkezi Aziýanyň çäginde serhetden serhede çenli ähli söwda amallary barada maglumat berýän «Info Trade Central Asia Gateway» Sebitleýin Portaly gatnaşyjylaryň dykgatyna görkezildi. "Akylly", "ýaşyl" serhetleri döretmäge gönüldirilen Ýewropa Bilelişigi-Merkezi Aziýa söwda geçelgelerinde amallaryň netijeliligini ýokarlandyrmagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.