Habar

Ýurdumyzda eksport harytlarynyň we önümleriniň iň bir ösen innowasion tehnologiýalarda ýokary hilli, şeýle hem görnüşi taýdan köpdürli öndürilmegi möhüm ähmiýete eýe bolup, ol gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň jogapkärçiligini has-da artdyrýar, gümrükhanalaryň döwrebaplygyna hem-de işiniň giň gerimliligine depginlilik berýär.

Hormatly Prezidentimiziň eziz Watanymyzy ulaglaryň ähli görnüşlerini geçiriji we sazlaýjy merkez hökmünde ykrar edilmegini gazanmakdaky tutumly işleri barha rowaçlanýar.  Türkmenistan sebitde we yklymlarda ulag-logistika merkezine öwrülmek bilen, ol söwda-ykdysady we senagat taýdan öz ornuny has-da berkleşdirýär. Şunda bolsa Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň hem mynasyp orny bar. Ak şäherimiz Aşgabatdan eksport edilýän harytlar döwrebap enjamlar arkaly gümrük gözegçiliginden geçirilýär hem-de gysga wagtyň içinde ugradylýar.

Ýurdumyzyň telekeçileriniň ösen bazar isleginden ugur alyp, ýokary hilli önümleri öndürmegi, harytlara bolan islegi artdyrýar we olar halkara bazarlarynda ymykly orun alýarlar.  Bular bolsa kärhanalara ösen innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň netijesidir. Harytlaryň arasynda örän köp mukdarda towuk ýumurtgasynyň eksport düzgüninde çykarylmagy guwandyryjy wakadyr. Bu towuk ýumurtgalarynyň ýurdumyzyň hususyýetçileri tarapyndan eksporta goýberilmegi, olaryň ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini kuwwatlandyrmakda goşýan uly goşandydyr. Bu eksport önüminiň Owagystana ugradylmagy türkmen-owgan dostluk-doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändigini aňladýar.

Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini pajarlap ösdürýän, bagtyýar halkymyzy parahatçylykda ýaşadýan we baky bagtyýar geljege ynamly alyp barýan hormatly Belent Serkerdebaşymyza tüýs ýürekden alkyş aýtmak bilen, Gahryman Arkadagymyzyň başynyň dik, ömrüniň uzak bolmagyny, ähli tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.