2026-njy ýylyň 11-13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäherindäki «Arçabil» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň, şeýle hem Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Goranmak, Içeri işler ministrlikleriniň işgärleri üçin strategik harytlary kybaplamak boýunça üç günlük okuw maslahaty geçirildi. Bu çäre Germaniýanyň Ykdysadyýet we eksport gözegçiligi baradaky federal edarasy (BAFA) tarapyndan durmuşa geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) P2P maksatnamasynyň çäklerinde guraldy.
Okuwlar Sloweniýanyň, Beýik Britaniýanyň we Litwanyň gümrük edaralarynda hem-de halkara guramalarynda köp ýyllyk tejribesi bolan bilermenler tarapyndan geçirildi. Çäräniň esasy maksady himiki, biologik, ýadro we radioaktiw serişdeleri, ýöriteleşdirilen enjamlary (Sazlaşdyrylan ulgamyň 84, 85, 90-njy baplary), söwda kodlaryny hem-de Sazlaşdyrylan ulgamyň kodlaryna doly laýyklykda adaty harby önümleri takyk toparlamagyň we tapawutlandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Bu çäre we onuň dowamynda alnan bilimler gümrük işgärlerine aýratyn gözegçiligi talap edýän harytlaryň bikanun dolanyşygynyň öňüni almaga has netijeli çemeleşmäge, sebit howpsuzlygyny üpjün etmäge, halkara söwda akymlarynyň aýdyňlygyny ýokarlandyrmaga hem-de Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga ýardam eder.