Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda elektron-TIR (eTIR) sanly ulgamy arkaly halkara ýük daşamalarynda Hazar deňziniň üsti bilen geçirilýän üstaşyr awtoulag serişdeleri barada maglumat alyşylmagy ýola goýuldy. Bu ugurda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) gurnamagynda Azerbaýjan Respublikasyndan ugradylan we ýurdumyzdan üstaşyr Özbegistana barýan, şeýle hem Türkmenistandan ugradylyp, Azerbaýjan we üstaşyr Türkiýe Respublikasyna barýan awtoulagly ýük daşamalar boýunça synag görnüşinde maglumat alyşmagy üstünlikli geçirildi.

   

Bu bolsa, Ýewropa bilen Merkezi Aziýany birleşdirýän halkara ulag geçelgesiniň ugrunda ýerleşýän iki döwletiň gümrük edaralarynyň arasynda, üstaşyr geçirilýän awtoulagly ýük daşamalary boýunça maglumat alyşylmagy ýola goýlan ilkinji taslamalaryň biri bolup durýar.

«eTIR» ulgamy gümrük işi bilen bagly maglumatlaryň hakyky wagt tertibine görä elektron görnüşde alyşylmagyna, kagyz resmileşdirme işiniň we töwekgelçilikleriň azalmagyna, gümrük amallarynyň tiz ýerine ýetirilmegine, çykdajylaryň azalmagyna, söwda we gümrük amallarynyň ýönekeýleşmegine mümkinçilikler döredýär. Bu bolsa, halkara ýük daşamalarynda ýurdumyzyň çäginden geçýän üstaşyr ulag geçelgeleriniň özüne çekijiliginiň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar.

«eTIR» ulgamyň işi «Gümrük işini sanlylaşdyrmak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «Akylly» gümrügi döretmek» taslamanyň çäklerinde durmuşa geçirildi.