Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda, tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Nobatdaky tapgyrda, «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işleri tamamlandy.
Halkara standartlaryna doly laýyk gelýän gurluşy bilen tapawutlanýan bu gümrük nokatlarynyň umumy çägi giňeldilip, olaryň ulag geçirijilik kuwwaty ýokarlandyryldy. Şeýle hem, birnäçe durmuş we tehniki maksatly binalar guruldy, öňden bar bolan desgalaryň durky düýpli täzelendi.
Döwrebap barlag enjamlary bilen üpjün edilip, sanly ulgamlaryň mümkinçilikleriniň giňden ornaşdyrylmagy bilen, gümrük serhedinden geçýän ulag serişdelerine we harytlara gysga wagtda ygtybarly gümrük gözegçiligini alyp barmak üçin amatly şertler döredildi.
Häzirki wagtda awtoulag serişdeleri gümrük nokatlarynyň çäginde ilkinji giren pursadyndan başlap, gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi sanly ulgam arkaly gözegçilik edilýär. Bu bolsa, gümrük nokatlarynyň çäklerinde gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagty ep-esli azaldýar.
Degişli halkara guramasy tarapyndan geçirilen seljermelere laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda ýurdumyzda gümrük amallarynyň ýerine ýetirilmegi üçin sarp edilýän wagt sebit boýunça iň gysga wagt hökmünde hasaba alyndy.
Ýurdumyzyň daşary söwda haryt dolanşygynda hem-de üstaşyr ýükleriň geçirilmeginde «Artyk» we «Garabogaz» gümrük nokatlarynyň ähmiýeti uly hasaplanylýar. Şoňa görä-de, döwrebaplaşdyrylan bu gümrük nokatlary, halkara ulag geçelgeleri boýunça ýurdumyzyň çäginden geçýän awtoulag serişdeleriniň ýük geçirijiliginiň çaltlandyrylmagyna, multimodal ulag geçelgeleriniň geçirijilik ukybynyň has-da ýokarlanmagyna uly itergi berýär.