Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda daşary ykdysady işe gatnaşýan hususy taraplaryň hem-de logistik kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda, gümrük işi babatynda hukuk kömegini bermek maskady bilen iş maslahaty geçirilýär.
Iş maslahatynda, ýurdumyzdan eksport edilýän hem-de daşary döwletlerden ýurdumyza getirilýän harytlaryň hukuk esaslary we gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişi, halkara ýük daşamalary üçin bildirilýän talaplar we işde ýüze çykýan soraglar boýunça hukuk kömegi berler.
Iş maslahaty Aşgabat şäheriniň çäginde ýerleşýän Halkara gümrük terminalynyň 1-nji gatyndaky ýygnaklar zalynda geçirilýär. Iş maslahaty 2026-njy ýylyň 27-nji fewralynda sagat 10:00-da başlaýar.
Iş maslahaty boýunça özüňizi gyzyklandyrýan goşmaça soraglar boýunça «Sorag-jogap» hyzmatynyň mümkinçiliginden peýdalanyp bilersiňiz. Telefon belgisi 39-41-39.