Habar

2026-njy ýylyň 19-njy noýabrynda Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Türkmenistandaky Sebitleýin okuw merkeziniň binýadynda «Töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamy» ugry boýunça Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň we Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň wekilleriniň bilelikdäki wideoaragatnaşyk arkaly okuwy geçirildi.

Çärä türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň «Gümrük işi» hünäri boýunça bilim alýan harby talyplary hem gatnaşdy. Olaryň bu okuwa gatnaşmagy hünär başarnyklaryny ösdürmäge, geljekki hünärmenlere iki ýurduň gümrük edaralarynyň iş tejribesi bilen tanyşmaga hem-de gümrük gözegçiligini amala aşyrmagyň häzirki zaman çemeleşmeleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmaga mümkinçilik berdi.

Okuw maslahaty Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Döwlet gümrük komitetiniň arasynda işgärleri taýýarlamak çygrynda özara düşünişmek hakynda baglaşylan Ähtnamanyň durmuşa geçirilmeginde nobatdaky amaly ädim boldy. Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar töwekgelçilikleri dolandyrmak ulgamyny guramak, töwekgelçilikleri ýüze çykarmagyň we bahalandyrmagyň usullaryny ulanmak, şeýle hem gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmakda häzirki zaman maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçiliklerinden peýdalanmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle çäreleriň geçirilmegi Türkmenistan bilen Özbegistanyň gümrük edaralarynyň arasynda hünär gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, işgärleri taýýarlamak babatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de geljekki hünärmenleriň amaly başarnyklarynyň kämilleşdirilmegine ýardam berýär.