Habar

2025-nji ýylyň 11–12-nji iýunynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ýerleşýän Bütindünýä Gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebitiniň Kuwwatlylygy artdyrmak boýunça Sebitleýin edarasynyň  binasynda BGG-niň Ýewropa sebiti boýunça Sebitleýin okuw merkezleriniň 13-nji mejlisi üstünlikli geçirildi.

Mejlisiň dowamynda sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, öňdebaryjy tejribeler, halkara okuw maksatnamalary, şeýle hem Sebitleýin okuw merkezleriniň geljekki strategik wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan tarapyndan mejlise Döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkeziniň müdiri Guwançmyrat Myradow gatnaşdy. Ol öz çykyşynda şu ýylyň 29-30-njy aprelinde Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitindäki döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň maslahatynda Okuw merkeziniň Guramanyň Sebitleýin okuw merkezi hökmünde ykrar edilmegi barada teklibiň biragyzdan goldanylandygyny we häzirki wagtda merkeziň halkara derejede okuw maksatnamalaryny taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek ugrunda iş alyp barýandygyny belledi. Türkmenistan BGG-niň ösüş maksatlaryna laýyklykda sebitleýin gümrük ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna goşant goşmaga taýýardygyny beýan etdi.