Habar

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy gümrük amallaryny ýeňilleşdirmek we söwda ýardam bermek maksady bilen, häzirki zaman sanly tehnologiýalary işjeň ulanmak ugrunda işleri dowam etdirýär.

Bu ugurda, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda, 2024-nji ýylyň 1-nji iýunyndan başlap, daşaýjylara ýa-da beýleki gyzyklanýan taraplara, Türkmenistanyň gümrük çägine import edilmegi üçin niýetlenen, şeýle-de üstaşyr geçýän harytlar barada deslapky elektron maglumatlary bermek ýola goýuldy.

Deslapky maglumatlary gümrük edaralaryna «ASYCUDA World» gümrük maglumat ulgamynyň we «1975-nji ýylyň 14-nji noýabryndaky MDP depderçesini ulanmak bilen Ýükleriň halkara daşalmagy hakyndaky» Gümrük konwensiýasyna laýyklykda, Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) TIR-EPD maglumat ulgamynyň üsti bilen elektron görnüşinde türkmen, rus we (ýa-da) iňlis dilinde (dillerinde) berip bolýar.

2025-nji ýylyň 9 aýynda daşaýjylaryň we beýleki taraplaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirýän haryt tapgyrlarynyň 75,4%-ine deslapky maglumat bermek bilen gümrük taýdan resmileşdirildi, şeýle-de bu döwürde ýurdumyza getirilýän haryt tapgyrlaryň 84%-i, üstaşyr barýan haryt tapgyrlaryň 69%-i barada öňünden gümrük edaralaryna deslapdan maglumatlar gowuşdy. Berilýän deslapky maglumatlaryň 93%-i «ASYCUDA World» maglumat ulgamyndan we 7%-i bolsa TIR-EPD ulgamyndan berildi.

Deslapky maglumatyň berilmegi esasynda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän harytlar, Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilmegi we gümrük taýdan resmileşdirilmegi ileri tutma tertibinde amala aşyrylýar. Bu bolsa gümrük resmileşdirmelerini çaltlaşdyrmaga, daşaýjylaryň gümrük serhedinden gysga wagtda geçmegine, şeýle-de haryt tapgyrlaryny alyjylara gysga wagtda gowşurmaklyga ähmiýetlidir.

Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi, şol sanda üstaşyr geçirilmegi göz öňünde tutulýan harytlar barada elektron görnüşde berilýän deslapky maglumatyň berilmegi serhetüsti kagyzsyz söwda amallaryny sanly ulgam arkaly ýeňilleşdirmäge, ýurdumyzyň ulag-üstaşyr geçirijiligini ýokarlandyrmaga, şeýle-de gümrük edaralary tarapyndan gümrük resmileşdirmelerini sanlylaşdyrmak arkaly amala aşyryp, daşary ykdysady işe gatnaşyjylara döwrebap amatly şertleri döretmäge gönükdirilendir.