Habar

2025-nji ýylyň 24-26-njy iýuny aralygynda Daşkent şäherinde sanly söwda we multimodal daşamalar boýunça sebit okuw Maksatnamasynyň ilkinji moduly geçirildi. Okuwa Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük we ulag edaralarynyň wekilleri gatnaşdy. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan bu çärä sanlylaşdyrmak we maglumaty dolandyrmak ugry boýunça işleýän iki sany gümrük işgäri gatnaşdy.

Okuw Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk jemgyýeti (GIZ) tarapyndan maliýeleşdirilip, «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýeňilleşdirmek» atly sebitleýin taslamanyň çäklerinde geçirildi. Gatnaşanlar UN/CEFACT halkara standartlary, elektron ulag resminamalary (eTIR, eCMR, eFBL we ş.m.) bilen tanyşdylar, şeýle hem häzirki zaman maglumat alyş-çalyş formatlary (XML, JSON) bilen işlemäge we iş amallaryny modelleşdirmegi öwrendiler.

Çärede esasan ulag görnüşleriniň maglumat alyşyny bir ulgama birleşdirýän multimodal daşamalar üçin nusga maglumat modeli bilen tanyşmaga gönükdirildi. Bu okuw Merkezi Aziýa döwletlerine sanly çözgütleri ornaşdyrmaga we netijeli logistika geçelgelerini döretmäge ýardam eder.