News

05.07.2021

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY
Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli:

1) 73-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly:

«731-nji madda. Gümrük işi babatda hukuk bozulmalarynyň amala aşyrylan halatynda harytlary wagtlaýyn saklamagyň gümrük amalyny tamamlamak

1. Harytlar wagtlaýyn saklanylýan döwründe gümrük edaralarynyň rugsady bolmazdan ýerlenen (ulanylan), şeýle hem ýitirilen halatlarynda, degişli şahslar gümrük işi babatda administratiw hukuk bozulma boýunça administratiw jogapkärçiligine çekilýär we şu Kodeksiň 62-nji maddasynda göz öňünde tutulan möhletlerde gümrük taýdan resmileşdirilmegi tamamlanmadyk şeýle harytlaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, görkezilen möhletleriň geçmegi bilen, harytlaryň ýerlenendigi (ulanylandygy) ýa-da ýitirilendigi sebäpli gümrük edarasyna berilmegi bellenilen resminamalaryň berilmeginiň mümkin bolmaýandygyna garamazdan, gümrük işi babatdaky ygtyýarly döwlet edarasy tarapyndan kesgitlenilýän tertipde, gümrük edaralaryna berlip bilinjek resminamalaryň esasynda tamamlanylyp bilner. Şunda tölenilmäge degişli gümrük paçlarynyň, salgytlaryň pul möçberlerini hasaplamak şu Kodeksiň 271-nji maddasyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Harytlary wagtlaýyn saklamagyň gümrük amaly şu maddanyň düzgünlerine laýyklykda tamamlanylanda, gümrük edaralary tarapyndan, gümrük taýdan resmileşdirmegiň tamamlanan gününden başlap on günden gijä galynman, degişli çäreleriň geçirilmegi üçin Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän önümleri sertifikatlaşdyrmak boýunça ygtyýarly döwlet edaralaryna harytlaryň ýerlenendigini (ulanylandygyny) tassyklaýan resminamalaryň göçürme nusgalaryny goşmak bilen, ýazmaça görnüşde habar berilýär. Şunda harytlar babatda dahylly şahslaryň arasynda Türkmenistanyň kanunçylygynda göz öňünde tutulan amallar gümrük taýdan resmileşdirmek tamamlanandan soň amala aşyrylyp bilner.

3. Şu maddanyň düzgünleri wagtlaýyn saklanylýan döwründe awariýanyň ýa-da öňüni alyp bolmajak güýjüň täsiri netijesinde ýok bolan ýa-da ýiten harytlara degişli däldir.».

2) 157-nji maddanyň dördünji böleginde «möçberlerine hasaplanyp goşulýar» diýen sözleri «möçberleri üçin tölenen hasap edilýär» diýen sözlere çalşyrmaly;

3) 159-njy madda şu mazmunly bölegi goşmaly:

«5. Wagtlaýyn getiriliş möhletleriniň tamamlanmagy bilen şu Kodeksde bellenilen tertipde wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni tamamlanylmadyk harytlara gümrük edaralary şu Kodeksiň 39-njy babyna laýyklykda ygtyýarlyk edýärler.»;

4) 342-nji maddanyň birinji böleginiň birinji tesiminiň ikinji sözlemini aýyrmaly;

5) 355-nji madda şu mazmunly bendi goşmaly:

«5) şu maddanyň 1‒4-nji bentlerinde görkezilen harytlardan başga harytlary - degişliligi boýunça döwlet edaralaryna».

 

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden herekete girýär.

 

Türkmenistanyň                                               Gurbanguly

     Prezidenti                                                Berdimuhamedow

 

Aşgabat şäheri. 2018-nji ýylyň 9-njy iýuny

(resmi taýdan çap edilen senesi: 2018-nji ýylyň 21-nji iýuny)