Customs Control
Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň gümrük serhedinden geçirýän harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmegiň TERTIBI

Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň we «Türkmenhowaýollary» gullugynyň başlygynyň 2018-nji ýylyň 13-nji martynda çykaran №27/68/89/iş belgili bilelikdäki buýrugy bilen tassyklandy.

 

Türkmenistanyň Adalat ministrliginde 2018-nji ýylyň 23-nji aprelinde 1132 san bilen bellige alnan

I. Umumy düzgünler

1. Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň gümrük serhedinden geçirýän harytlaryny gümrük taýdan resmileşdirmegiň Tertibi (mundan beýläk-Tertip) Türkmenistanyň Gümrük we Howa kodekslerine, «Aragatnaşyk hakynda», «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 16-njy aprelinde 640 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 31-nji martynda çykaran 204 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibine, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda 956 san bilen bellige alnan, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 13 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Poçta kadalaryna laýyklykda işlenilip taýýarlanyldy we Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän şahslaryň Türkmenistanyň gümrük serhedinden halkara gatnawynyň howa ulaglarynda geçirýän harytlary resmileşdirilende gümrük edarasynyň, poçta aragatnaşyk kärhanasynyň we ýük terminalynyň özara ylalaşykly hereketiniň tertibini düzgünleşdirýär.
2. Şu Tertibiň düzgünleri diňe halkara çaparçylyk kompaniýalary (UPS - United Parcel Service, DHL, FedEx Corporation we başgalar) bilen şertnama esasynda Türkmenistanyň çäginde çapar poçtasynyň hyzmatlaryny edýän, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi tarapyndan poçta ugratmalaryny kabul etmäge, işlemäge, saklamaga, daşamaga we eltmäge (gowşurmaga) ygtyýarlylandyrylan şahslaryň (mundan beýläk - poçta aragatnaşyk operatorlary) özleriniň müşderileriniň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän, halkara poçta ugratmalarynyň ölçeglerine laýyk gelýän harytlaryna (mundan beýläk - halkara poçta ibermeleri) degişlidir.
Şular halkara poçta ibermelerine degişlidir:
    1) hatlar (ýönekeý, buýrulýan, gymmatlygy yglan edilen);
    2) poçta kartoçkalary (ýönekeý, buýrulýan);
    3) banderollar we «M» ýörite haltalary (ýönekeý, buýrulýan);
    4) sekogrammalar (ýönekeý, buýrulýan), aerogrammalar;
    5) ownuk bukjalar (buýrulýan);
    6) ýollamalar (adaty, gymmatlygy yglan edilen).
3. Şu Tertibiň maksatlary üçin ulanylýan düşünjeler:
    1)awiaýanhaty - Howa ulagynyň halkara assosiasiýasynyň standartlaryna (Rezolýusiýa 600A) laýyk gelýän halkara ýol-ulag resminamasy;
    2)gümrük edarasy - Türkmenistanyň halkara howa menzilleriniň ýük terminallarynda hereket edýän, gümrük serhedinden geçirilýän ýükleriň we halkara poçta ugratmalarynyň gümrük gözegçiligini we resmileşdirmesini amala aşyrýan gümrük posty;
    3)halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýer - «Türkmenhowaýollary» gullugynyň halkara howa menziliniň ýük terminalynyň çäginde ýörite bölünip berlen, halkara poçta ugratmalarynyň gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň amala aşyrylýan ýeri;
    4)müşderi - poçta aragatnaşyk operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanýan, gümrük serhedinden geçirilýän halkara poçta ibermelerini alýan we (ýa-da) iberýän fiziki ýa-da ýuridik şahs;
    5)poçta aragatnaşyk kärhanasy - daşary ýurtlardan howa ulagynda gelip gowuşýan we daşary ýurtlara howa ulagynda ibermek üçin Türkmenistanda kabul edilen halkara poçta ugratmalarynyň işlenip taýýarlanylmagyny hem-de olaryň ugradylyşy boýunça bellenilen ýere iberilmegini amala aşyrýan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk döwlet kompaniýasynyň halkara howa menzilleriniň halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerindäki seljerme merkezi;
    poçta ýanhaty (resminamasy) - Bütindünýä poçta birleşmesiniň namalaryna we Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda 956 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 13 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Poçta kadalaryna laýyklyk gelýän poçta ýanhaty (resminamasy); 
    6)ýük terminaly - daşary ýurt we türkmen awiakompaniýalary tarapyndan daşalýan ýükleri we halkara poçta ugratmalaryny ýerüsti işlemegi amala aşyrýan «Türkmenhowaýollary» gullugynyň howa menziliniň ýük toplumy.
4. Halkara poçta ibermeleriniň ýol-ulag resminamasy hökmünde esasy awiaýanhaty (Master Air Waybill) ýa-da poçta ýanhaty (resminamasy) ulanylýar. Ol resminamalar halkara poçta ibermelerini daşamaga gatnaşyjylaryň: daşaýjynyň, iberijiniň we alyjynyň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýär hem-de halkara poçta ibermelerini howa gämilerinde daşamaga hukuk berýän şertnamanyň bardygyny tassyklaýar. 
5. Halkara çaparçylyk kompaniýalary we (ýa-da) olaryň ygtyýarlylandyrylan operatorlary tarapyndan halkara poçta ibermeleriniň we  (ýa-da) ýükleriň daşalmagy guralanda, ýol-ulag resminamasy hökmünde, goşmaça, belgisi (ilkinji 3 sanly belgisi (prefiksi) we tertip belgisi) halkara çaparçylyk kompaniýasynyň özi tarapyndan bellenilýän içerki awiaýanhaty (House Air Waybill) resmileşdirilýär. Şunda halkara çaparçylyk kompaniýasy ýa-da onuň ygtyýarlylandyrylan operatory daşalýan halkara poçta ibermeleriniň iberijisi we (ýa-da) alyjysy bolup durýar.
6. Halkara poçta ibermeler babatda çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan ýany bilen iberilýän ýa-da başga resminamalar gümrük edarasyna dahylly şahs ýa-da poçta aragatnaşyk operatorynyň wekili tarapyndan halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerde ýa-da dahylly şahs tarapyndan gümrük edarasynyň kesgitlemegi boýunça başga ýerde halkara poçta ibermeleri deklarirlenilende   ýa-da goýberilende berilýär.
7. Şu Tertibiň düzgünleri poçta aragatnaşyk operatorlarynyň özleriniň müşderileriniň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän, halkara poçta ugratmalarynyň ölçeglerine laýyk gelmeýän harytlaryna degişli däldir. 
8. Poçta aragatnaşyk kärhanasy poçta aragatnaşyk operatory barada, degişli ygtyýarnamanyň berlen gününden başlap 5 (bäş) iş gününden gijä galman gümrük edarasyna we ýük terminalyna ýazmaça habar berýär hem-de ol ygtyýarnamanyň göçürme nusgasyny iberýär.

II. Halkara poçta ibermeleri Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende gümrük edarasynyň, poçta aragatnaşyk kärhanasynyň we ýük terminalynyň özara ylalaşykly hereketi

9. Bolmalysy ýaly resmileşdirilen we islendik awiakompaniýa tarapyndan Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen halkara poçta ibermeleri howa gämisinden düşürilenden soň, awiaýanhata laýyklykda ýük terminalynyň işgäri tarapyndan beýleki ýüklerden saýlanyp alynýar we poçta aragatnaşyk kärhanasyna tabşyrylýar.
10. Poçta aragatnaşyk kärhanasyna tabşyrylmazdan öň, ýük terminalynyň wekili tarapyndan halkara poçta ibermeleri awiaýanhat boýunça bellige alyş kitabynda bellige alynýar we awiaýanhata gümrük edarasynyň wezipeli adamynyň degişli belligi goýlup belgili şahsy möhri bilen tassyklanylýar.
11. Türkmenistanyň gümrük çägine gelip gowuşýan halkara poçta ibermeleriniň gümrük gözegçiligi halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerde geçirilýär. Poçta aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleri tarapyndan halkara poçta ibermeleri hem-de olaryň poçta we ýany bilen iberilýän resminamalary, gümrük gözden geçirmesiniň we gümrük barlagynyň geçirilmegi üçin, gümrük edarasynyň wezipeli adamyna görkezilýär.
12. Gümrük gözegçiligi tamamlanyp resmileşdirilen halkara poçta ibermeleri gabynda ýa-da ýany bilen iberilýän resminalarynda görkezilen salgy boýunça poçta aragatnaşyk operatoryna berilýär.
13. Halkara poçta ibermeleriniň berilmegi, olary alyjy müşderisi bolup durýan poçta aragatnaşyk operatory tarapyndan amala aşyrylýar. Şunda, tölenmäge degişli gümrük tölegleriniň bar bolan halatlarynda, halkara poçta ibermeleri diňe şeýle tölegler tölenenden soň berilýär.

III. Halkara poçta ibermeleri Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilende gümrük edarasynyň, poçta aragatnaşyk kärhanasynyň we ýük terminalynyň özara ylalaşykly hereketi

14. Poçta aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmäge degişli halkara poçta ibermelerini poçta aragatnaşyk kärhanasyna özbaşdak eltýär. Halkara poçta ibermeleri bolmalysy ýaly gaplanan we bellenen nusgadaky ýany bilen iberilýän resminamalaryň düzülmegi bilen resmileşdirilen bolmalydyr.
15. Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary iberilýän halkara poçta ibermelerine gümrük gözegçiligi halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýer öz iş çäginde ýerleşýän gümrük edarasy tarapyndan amala aşyrylýar.
16. Poçta aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleri Türkmenistanyň gümrük çäginden daşary iberilýän halkara poçta ibermelerini gümrük gözden geçirmesiniň ýa-da gümrük barlagynyň geçirilmegi üçin gümrük edarasynyň wezipeli adamyna açyp görkezýär we onuň netijesi boýunça bellenilen tertipde delilnama düzülýär. Gümrük edarasynyň wezipeli adamy resminamalaryň hakykylygyny we maglumatlaryň dogrulygyny, şeýle hem olaryň resmileşdirilişiniň dogrulygyny anyklamak maksady bilen, halkara poçta ibermeleriniň ýany bilen iberilýän resminamalary we berilýän maglumatlary barlaýar.
17. Hakykatda iberilýän halkara poçta ibermeleriniň olaryň ýany bilen iberilýän resminamalarda görkezilen maglumatlara laýyk gelýändigine we bellenilen çäklendirmeleriň berjaý edilendigini tassyklaýan resminamalaryň bardygyna göz ýetirmek hem-de Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi gadagan edilen harytlary ýüze çykarmak maksady bilen, halkara poçta alyş-çalyş edilýän ýerde gümrük barlagy topary halkara poçta ibermeleriniň gümrük gözden geçirmesini we gümrük barlagyny geçirýär.
18. Halkara poçta ibermelerine gümrük gözegçiligi geçirilenden soň, olary goýbermek barada çözgüt kabul edip, gümrük edarasynyň wezipeli adamy olaryň ýany bilen iberilýän resminamalara degişli möhürçeleri basýar hem-de oňa goly we belgili şahsy möhri bilen güwä geçýär. Şol resminamalaryň bir nusgasy gümrük edarasynda galýar we galanlary poçta aragatnaşyk kärhanasynyň işgärlerine berilýär.
19. Gümrük taýdan resmileşdirilenden soň, ýük terminaly bilen ylalaşylmagy boýunça, poçta aragatnaşyk kärhanasy howa gämisine ýüklenilmegi üçin, ýük terminalynyň wezipeli adamyna halkara poçta ibermelerini we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalary tabşyrýar. 
20. Poçta aragatnaşyk operatory Türkmenistanyň gümrük çägine getirilende poçta aragatnaşyk kärhanasyna wagtlaýyn saklanylmagy üçin tabşyrylyp, Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen gadaganlyklar we çäklendirmeler bilen bagly hem-de alyjy tarapyndan kabul edilmändigi sebäpli iberijä gaýtarylýan halkara poçta ibermelerini üçin awiaýanhaty we oňa goşulýan resminamalary gümrük taýdan resmileşdirilmegi üçin gümrük edarasyna tabşyrýar. Gümrük edarasynyň bilelikdäki gümrük barlagy topary tarapyndan gümrük taýdan resmileşdirilenden soň, halkara poçta ibermeleri we olaryň ýany bilen iberilýän resminamalar poçta aragatnaşyk kärhanasynyň wezipeli adamy tarapyndan, howa gämisine ýüklenilmegi üçin, gümrük gözegçiligi astynda ýük terminalynyň wezipeli adamyna tabşyrylýar.

IV. Jemleýji düzgünler 

21. Halkara poçta ibermeleriniň gümrük gözegçiligi we olary gümrük taýdan resmileşdirmek Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 16-njy aprelinde 640 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 31-nji martynda çykaran 204 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Halkara poçta ugratmalarynda Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirilýän harytlara gümrük gözegçiligini geçirmegiň Tertibine hem-de Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2016-njy ýylyň 12-nji fewralynda 956 san bilen bellige alnan Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministriniň 2016-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda çykaran 13 belgili buýrugy bilen tassyklanylan Poçta kadalaryna laýyklykda amala aşyrylýar.
22. Gümrük edarasynyň, poçta aragatnaşyk kärhanasynyň we ýük terminalynyň işgärleri şu Tertibiň düzgünleriniň berjaý edilmegi üçin jogapkärdirler. 
23. Poçta aragatnaşyk operatorlary her aýda Türkmenistanyň gümrük çägine getirilýän we bu çäkden alnyp gidilýän halkara poçta ibermeleri barada aýratynlykda, olaryň iberilýän ýurdy we senesi, eltilýän ýurdy, iberiji, alyjy, olaryň ady, mukdary (agramy), bahasy, awiaýanhaty ýa-da poçta ýanhaty barada maglumatlar görkezilen hasabaty elektron görnüşde gümrük edarasyna berýär.
24. Poçta aragatnaşyk operatorlarynyň özleriniň müşderileriniň buýurmasy boýunça Türkmenistanyň gümrük serhedinden geçirýän halkara poçta ibermelerini gümrük taýdan resmileşdirmek bilen bagly şu Tertip bilen kadalaşdyrylmadyk gatnaşyklar Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen düzgünleşdirilýär.