Habarlar

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi
29 Maý
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň etegindäki kölüň kenarynda dynç alyş zolagyny döretmek başlangyjyny öňe sürdi

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň baş şäheriniň demirgazygynda ýerleşýän Gurtly kölüniň çäginde döredilýän dynç alyş maksatly binalaryň gurluşyk taslamalary bilen tanyşdy. Bu ýerde milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, döwrebap dynç alyş düzümi kemala gelýär, diýip TDH habar berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ir säher bilen kölüň kenaryna geldi. Bu ýerde milli Liderimizi Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralary...

DOWAMY
ÝHHG Türkmenistanyň serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam edýär
29 Maý
ÝHHG Türkmenistanyň serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine ýardam edýär

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda demirýol we gara ýol ulaglarynyň üsti bilen daşalýan üstaşyr ýüklere serhet geçelgelerini ýeňilleşdirmek boýunça onlaýn okuw maslahaty başlandy. Okuw maslahaty Merkezi Aziýa sebitinde serhetüsti söwda we üstaşyr mümkinçilikleriniň ösdürilmegine aýratyn üns berilýän, ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň "Türkmenistanda Döwlet serhet gullugynyň kuwwatyny güýçlendirmek" atly taslamasynyň çäklerinde bu Merkez tarapyndan gurnaldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Onlaýn okuw maslahatynyň maksady, gatnaşyjylary demirýol we gara ýollaryň üsti bilen daşalý...

DOWAMY
Türkmenistanyň DIM-de DÖM-nyň maliýeleşdirmeginiň meseleleri boýunça halkara seminar geçirildi
29 Maý
Türkmenistanyň DIM-de DÖM-nyň maliýeleşdirmeginiň meseleleri boýunça halkara seminar geçirildi

2020-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly «Durnukly Ösüş Maksatlaryny maliýeleşdirmek: maliýeleşdirmegiň integrirlenen milli gurallarynyň ähmiýeti» atly halkara seminar geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň Maksatnamasyna (SPEKA) gatnaşyjy-ýurtlaryň, ýagny Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň ministrleriniň derejesindäki wekiliýetler gatnaşdylar. Seminara şonuň ýaly-da...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
28 Maý
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýewiň haýyşy boýunça paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler, şäheriň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşine gönükdirilen taslamalaryň amala aşyrylyşy, şeýle hem Aşgabadyň günorta künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyklarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy, diýip TDH habar berýär. Ýurdumyzyň baş şäherinde ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn özgertmeler, adamlaryň durmuşy üçin şertleriň döredilmegi bilen baglanyşykly meselel...

DOWAMY
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
28 Maý
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. Iki döwletiň Baştutanlary mähirli, doganlarça salamlaşyp, özara söhbetdeşlikde türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ýagdaýy hem-de geljegi barada pikir alyşmaga, özara gyzyklanma döredýän halkara we sebit syýasatynyň käbir ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçiligiň dörändigine kanagatlanma bildirdiler. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynyň we «Total» kompaniýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi
28 Maý
Türkmenistanyň ugurdaş edaralarynyň we «Total» kompaniýasynyň wekilleriniň duşuşygy geçirildi

2020-nji ýylyň 27-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurdumyzyň we «Total» fransuz kompaniýasynyň wekilleriniň onlaýn görnüşindäki duşuşygy geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Ý.Kakaýew,  «Тürkmengaz» we «Тürkmennebit» Döwlet konsernleriniň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň we beýleki pudaklaryň wekilleri wekilçilik etdiler, fransuz tarapyndan gepleşiklere «Total» kompaniýasynyň gözleg we çykaryş boýunça wise-prezidenti S.Mişel gatnaşdy, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär....

DOWAMY