Gümrük habarlary

Ýurdumyz pomidoryň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy
21 Okt
Ýurdumyz pomidoryň Russiýa eksportyny iki esse artdyrdy

Eziz Diýarymyzyň ýyladyşhanalarynda ýetişdirilýän pomidorlarynyň Russiýa Federasiýasyna eksportyny iki esse artdyrdy. 2021-nji ýylyň sekiz aýynda Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna eýýäm 32 müň tonna ýyladyşhana pomidoryny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, iki esse diýen ýaly (92%) köp. Bu bolsa, Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidoryny iň köp satýanlaryň sanawynda Türkmenistanyň 4-nji orny eýelemeginiň şerti boldy. Şeýlelikde, Türkmenistan Russiýa Federasiýasyna ýyladyşhana pomidory ibermek boýunça Özbegistan bilen deňleşdi. Özbek eksporty 55% artyp, 37,4 müň tonna ýetdi. Deňeşdirmek üçin, şu wagt Türkiýeden Russiýa Federasiýasyna getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberi 2% azaldy.

“East Fruit” maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň pikiriçe, eger Türkmenistan öň beýleki gatnaşyjylar üçin uly bir bäsdeşlik döretmedik bolsa, indi türkmen pomidory daşary bazarlarda işjeň bäsdeşlige eýe bolýar. “East Fruit” maglumat seljeriş meýdançasynyň bilermenleriniň maglumatyna görä, 2021-nji ýylda Russiýa Federasiýasyna getirilýän ýyladyşhana pomidorynyň möçberiniň yzygiderli azalýan döwründe Türkmenistanyň bu bazara girmegi şu ýyl üçin hakyky täsinlik boldy.