Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
21 Sen
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Giňişleýin mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň ýolbaşçylary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri çagyryldy.

Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibini yglan edip, döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň ýetip gelýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hemmeleri şanly sene — Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady we mundan 30 ýyl ozal dünýäniň syýasy kartasynda Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň peýda bolandygyny belledi. Şu döwürde ýurdumyzda dünýä ýaň salan ägirt uly işler bitirilip, ähli ugurlarda asyrlara barabar ýol geçildi.

Milli Liderimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, hemişe bolşy ýaly, jenaýat edendikleri üçin iş kesilen, eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň uly baýramlaryň öň ýanynda günäsiniň geçilýändigini aýtdy we beýik ata-babalarymyzyň rehimdarlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys diýip belledi.

Şunuň bilen baglylykda, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy Ç.Amanowa söz berildi. Ol bu toparyň jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli günäsini geçmek boýunça geçiren işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Permanlara gol çekdi. Oňa laýyklykda, iş kesilen raýatlarymyzyň 2058-si we daşary ýurtly raýatlaryň 6-sy Garaşsyz, berkarar Watanymyzyň şanly baýramy mynasybetli mundan beýläk jeza çekmekden boşadyldy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde günäsi geçilen adamlaryň ählisini tussaglykdan boşadyp, olaryň ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barar ýaly ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny, kabul edilýän kanunçylyk namalarynyň, milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän oňyn halkara başlangyçlaryň ähmiýetini ilata ýaýmak boýunça guralýan wagyz-düşündiriş çärelerine işjeň gatnaşýandyklary bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow umumymilli foruma hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň, onuň gün tertibini taýýarlamaga jogapkärli çemeleşmegiň zerurdygyna ünsi çekip, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň we jemgyýetimiziň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygyna şaýatlyk edýän, Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan demokratik özgertmeleriň möhüm ähmiýetini nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň mejlisiniň hem-de ata Watanymyzyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi üçin ähli çäreleriň görülmelidigi aýratyn bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmäge ýardam edýän bu şanly wakalar Watanymyzyň häzirki zaman taryhyna täze şanly sahypany ýazyp, döwletimiziň saýlap alan döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrmalydyr.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Halk Maslahatynyň mejlisine we Türkmenistanyň beýik Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

DIM we degişli döwlet düzümleri giň möçberli guramaçylyk işlerini alyp barýarlar. Dünýä jemgyýetçiligi ýurdumyzda guralýan ýubileý dabaralaryna uly gyzyklanma bildirýär. Meýilleşdirilen dabaralaryň dowamynda halkara derejedäki çäreleriň bolmagy munuň subutnamasydyr.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy Özbegistan Respublikasy bilen netijeli, köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak we giňeltmek bilen baglanyşykly wezipeler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna şu ýylyň 22-nji sentýabrynda Daşoguz welaýatynyň wekiliýetini Özbegistanyň Horezm welaýatyna, Lebap welaýatynyň wekiliýetini bolsa Buhara welaýatyna iş saparyna ibermek hakyndaky teklibi hödürledi. Iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary sazlaşykly ösdürmegiň ägirt uly geljegi bolan döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi.

Milli Liderimiz hödürlenen teklibi makullap, degişli Buýruga gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, DIM-niň ýolbaşçysy R.Meredowa iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegi üpjün etmek barada wise-premýere hem-de Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň häkimlerine anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri şu ýylda ýurdumyzda meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada-da hasabat berdi. Şolaryň hatarynda VI Hazar sammiti, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygy hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahat bar. Bu çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, degişli Guramaçylyk toparlaryny döretmek teklip edilýär.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de ýurdumyzyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk çärelerini geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumynyň düzümleýin böleklerinde we gözegçilik edýän Lebap welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de döwlet Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew oba hojalyk toplumyna degişli ministrlikde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda hem-de gözegçilik edýän Daşoguz welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

28-nji sentýabrda Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda baýramçylyk at çapyşygynyň geçiriljekdigi bellenildi. At çapyşyklarynyň ýedisi geçirilip, şolarda ýeňiji bolanlara gymmat bahaly baýraklar gowşurylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow gurluşyk-senagat toplumynyň düzümlerinde hem-de gözegçilik edýän Aşgabat şäherinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk, hususan-da, bu forumy guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli gulluklaryň wekillerinden ybarat toparlary döretmek barada hasabat berdi.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna görülýän taýýarlyk işleri barada hem habar berildi. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň baş baýramyna aýratyn öwüşgin bermek, şol sanda baýramçylyk günleri nobatçylyk etmegiň tertibini düzmek boýunça geçirilýän işler barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow söwda toplumynda hem-de Ahal welaýatynda Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de mähriban Diýarymyzyň şanly Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdi.

Wise-premýer Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan Halk Maslahatyna gatnaşyjylar üçin sowgatlary taýýarlamak boýunça degişli işleriň geçirilendigi, söwda we beýleki hyzmatlary etmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Hasabatyň dowamynda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de häkimlikler bilen bilelikde 21-22-nji sentýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly toýuna bagyşlanan sergini ýokary derejede geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de baýramçylyk çärelerine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Halk Maslahatynyň mejlisini köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde gyzgyny bilen halka ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän işler barada aýdyldy. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli dabaralary guramaçylykly geçirmegi üpjün etmek boýunça Meýilnama laýyklykda, ýerine ýetirilýän işler barada-da hasabat berildi.

Soňra çykyş eden Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew 25-nji sentýabrda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çärelere taýýarlygyň barşy barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparynyň çözgütlerine laýyklykda, Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ählisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli işler alnyp barylýar.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Halk Maslahatynyň mejlisine hem-de Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny, şol sanda Milli goşunymyzyň kuwwatyny hem-de goranyş ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň ählisinde öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmak boýunça geçirilýän işler barada sanly ulgam arkaly hasabat berdiler.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 30 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişe görülýän taýýarlyk, Halk Maslahatynyň mejlisiniň guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler hasabatlarda beýan edilen aýratyn mesele boldy.

Döwlet Baştutanymyz Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleriniň üstünde durup geçmek bilen, harby gullukçylaryň hem-de bu düzümleriň işgärleriniň öňünde kanunylygy hem-de hukuk düzgün-tertibini gorap saklamak ýaly belent jogapkärli wezipäniň durýandygyny aýdyp, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy baýram edilýän günlerinde geçirilmegi meýilleşdirilen döwlet derejeli ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegini tabşyrdy hem-de harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna degişli tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri çykyş edip, şu günler paýtagtymyzda we ýurdumyzyň welaýatlarynda Halk Maslahatynyň mejlisini hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli meýilleşdirilen dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek ugrunda toplumlaýyn çäreleriň görülýändigi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Milli Liderimiz sözüni dowam edip, giňişleýin mejlise gatnaşyjylaryň ünsüni meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine çekdi.

27-nji sentýabrda irden täze Hökümet toplumynda dabaraly harby ýöriş geçiriler, agşamlyk bolsa sungat ussatlarynyň çykyşlary bolar.

Soňra milli Liderimiz wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa ýüzlenip, 28-nji sentýabrda irden «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda harby gullukçylara mynasyp bolan döwlet sylaglaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmagy tabşyrdy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz yhlasly zähmet çekip, gowy netijeleri gazanan welaýat we etrap häkimlerine bolsa, sylaglary pagta ýygymy tamamlanansoň gowşurylsa dogry boljakdygyny belledi.

Däp bolşy ýaly, 28-nji sentýabrda irden Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda at çapyşyklary geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göz öňünde tutulýan baýramçylyk çäreleri şulardan ybarat diýip belledi hem-de wise-premýer, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanowa hem-de ähli harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylaryna baýramçylyk günlerinde birnäçe çäreleri geçirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýdyp, olaryň esasy wezipesiniň tertip-düzgüniň berk berjaý edilişine gözegçilik etmekden ybaratdygyny nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna ähli edara-kärhanalarda, häkimliklerde ýolbaşçylaryň gije-gündiziň dowamynda nobatçylygyny guramak tabşyryldy. «Tiz kömek» we beýleki dessin gulluklar edil sagat ýaly takyk işlemelidir diýip, milli Liderimiz belledi we ähli ýerde nobatçylary degişli buýruklar bilen bellemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz wise-premýer S.Toýlyýewe Keselleriň ýaýramagyna garşy göreşýän adatdan daşary toparyň we ähli arassaçylyk gulluklarynyň işini güýçlendirmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen giňişleýin mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlary eziz Diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly ýubileýi bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady we hemmelere berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.