Gümrük habarlary

Maglumat tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýetilen sepgitler
16 Sen
Maglumat tehnologiýalar ulgamynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda ýetilen sepgitler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyza parasatly ýolbaşçylygynda “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly senesini ösüşiň belent sepgitleri bilen garşylaýar. Soňky ýyllarda Türkmenistanda durnukly ösüşiň esasy gurallarynyň biri bolan tehnologiki taýdan özgertmelere kuwwatly itergi berlip, sanly ulgam we maglumat tehnologiýalary ähli pudaklarda, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň gündelik iş düzgünine berk ornaşdy. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gümrük edaralarynda gümrük gözegçiligini geçirmegiň wagtyny gysgaltmaga we onuň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýän dünýä ylmynyň gazanan öňdebaryjy tehnologiýalar we iň kämil barlag enjamlar ulanylýar. Şeýle hem, Gullukda gözegçilik işlerini göni aragatnaşykda uzak aralykdan amala aşyrmaga mümkinçilik berýän ýokary tizlikli bitewi aragatnaşyk tory, wideogözegçilik we döwlet serhedinden geçirilýän ulag serişdeleriniň geoýerleşişini anyklaýan ulgamlarynyň işleri ýola goýuldy. Maglumatlary toplamak, seljermek we resmileşdirmek amallaryny awtomatlaşdyrýan «ASYCUDA World» atly utgaşdyrylan gümrük maglumat ulgamy, döwlet serhediniň üstünden geçýän gözegçilik-geçiriş ýerlerinde harytlaryň we ulag serişdeleriniň resmileşdirilmegi amalyna gatnaşýan gulluklaryň işini sazlaşdyrýan “Sanly gümrük amaly” atly programma üpjünçiligi, elektron hyzmatlary, maglumat portallary doly ulanylyşa girizilip, yzygiderli kämilleşdirilýär. 

Mundan başga-da, häzirki döwürde Gullukda gümrük maksatlary üçin, daşary ýurt gümrük edaralary bilen sanly ulgam arkaly elektron görnüşde deslapdan maglumat alşylmagynyň ýola goýulmagyna we daşary ykdysady işine gatnaşyjylaryň işini ýeňilleşdirýän “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly Taslama resminamanyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilen çäreler amala aşyrylýar.

Gullugyň işini dowamly döwrebaplaşdyrmakda bimöçber goldaw-hemaýatlary berýän Hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz sagbolsunymyzy we alkyşlarymyzy beýan edip, Türkmenistanyň ykdysady howpsuzlygyny goramak ugrunda gümrükçileriň öňünde goýan wezipelerini üstünliki durmuşa geçirmekde ak ýürekden, halal zähmet çekjekdigimizi ynandyrýarys.