Habarlar

DIM-iň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi
23 Maý
DIM-iň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň KHBS-niň žurnalistleri gatnaşdylar.

Ýerleşýän ýerleri üçünji ýurtlar bolan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, şeýle-de daşary ýurtlaryň öňdebaryjy KHBS we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri hem brifinge sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdylar. 

Çärede çykyş eden daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy «bu meýdançanyň esasy maksatlarynyň biri hem Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň ilerledilmegi bolup durýandygyny we hut şonuň hem soňky döwürde geçirilen brifingleriň ileri tutulýan mowzugyna öwrülendigini» belläp geçdi.

Şeýle-de R.Meredow Bütindünýä Saglygy goraýyş Assambleýasynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 73-nji sessiýasynyň barşynda Bütindünýä assambleýasynyň jemleri boýunça kabul edilen we netijeli derman serişdelerine we tehnologiýalaryna, howply ýokanç keselleriň öňüni alyş we bejeriş usulyýetlerine ählumumy, öz wagtynda, gyradeň, erkin we adalatly elýeterlilik we şeýle elýeterlilige päsgel berýän, adalatly bolmadyk böwetleriň aradan aýrylmagynyň ýörelgelerini biragyzdan tassyklan «COVID-19-a garşy jogap atly» Rezolýusiýasyny Türkmenistanyň goldandygyny hem belledi. Ministr Türkmenistanyň rezolýusiýada bellenilen pandemiýa garşy global jogabyň taýýarlanylmagynda we utgaşdyrylmagynda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ähmiýetli öňdebaryjy ornuny gürrüňsiz ýagdaýda goldaýandygyny tassyklady.

Brifingde BMG-niň Baş Sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite Wekili, BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy N.German, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Ý.Panowa, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly Ilçisi D.Alonso, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň Ýolbaşçysy N.Drozd, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň ýurt boýunça edarasynyň Başlygy P.Karwowska dagylar çykyş etdiler hem-de olar öz çykyşlarynda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Baş Direktory jenap Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edilen hem-de guramanyň resmi dilleriniň ählisinde çap edilip, bu Guramanyň ähli agza ýurtlarynyň arasynda resmi taýdan ýaýradylan hatynda giňişleýin beýan edilen Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan ilatyň saglygyny goramak we ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça durmuşa geçirýän çärelerini aýratyn nygtap geçdiler.

Şeýle-de brifingiň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň meýilnamasy bilen hem tanyş boldular. Bu meýilnama BMG-niň ýurdumyzdaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasy bilen bilelikde işlenilip düzüldi we Baş Assambleýa tarapyndan kabul edilen iki Rezolýusiýasyna – Taýýarlygyň we dessin çäreleriň görülmegini üpjün edilmeginiň global strategiki meýilnamasyna (THSM) we COVID-19 pandemiýasyna garşy ynsanperwer ugurly hereket etmegiň Global meýilnamasyna esaslanmak bilen, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky öňdebaryjy milli tejribesinden ugur alýandyr. Resminama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň şu gün geçirilen mejlisiniň barşynda kabul edilendir.

Brifingde şonuň ýaly-da halkara bileleşiginiň jogapkär agzasy bolmak bilen, Türkmenistan COVID-19 wehiminiň ýüze çykan ilkinji günlerinden başlap Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary we agentlikleri, ilkinji nobatda Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy bilen iş gatnaşyklaryny ysnyşykly, işjeň ýagdaýda ýola goýdy we şol bir wagtda şu günki güne çenli bu wehime garşy göreşmek babatynda ähmiýetli gor toplamagy başaran beýleki ýurtlaryň tejribesine hem hormat goýýandyr. 

Maddy-tehniki binýadyň kämilleşdirilmeginiň meseleleri we Türkmenistanyň milli derejede goşmaça karantin merkezlerini döretmek boýunça alyp barýan işjeň häsiýete eýe bolan işleri, şeýle hem bar bolan karantin zolaklarynyň güýçlendirilmegi hem-de pugtalandyrylmagy boýunça anyk çäreleri aýratyn bellenilip geçildi.

Lukmançylyk ulgamynda halkara ylmy hyzmatdaşlygynyň täze görnüşleriniň kämilleşdirilmegi, lukmançylyk ylmynda gazanylanlar babatyndaky tejribeleriň alyşylmagy hem çykyşlaryň aýratyn mowzugyna öwrüldi. Bu ugurda Türkmenistanyň Prezidentiniň alym-lukmanlaryň Geňeşiniň döredilmegi baradaky başlangyjy hem nygtaldy. Başlangyjy durmuşa geçirmegiň anyk ýollary biziň ýurdumyzyň wekiliýetleri tarapyndan onlaýn görnüşinde birnäçe gün mundan öň geçirilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Assambleýasynyň hem-de Goşulyşmazlyk Hereketiniň ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrleriniň duşuşygynyň barşynda giňişleýin beýan edilendir.

Brifinge ahyrynda oňa gatnaşyklar «sowal – jogap» görnüşinde pikirleri alyşdylar.