Habarlar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
23 Maý
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

2020-nji ýylyň 22-nji maýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, diýip TDH habar berýär.

Milli Liderimiz «Oguzhan» köşkler toplumyndan çykyp, Hökümet mejlisiniň geçirilýän ýeri bolan Ministrler Kabinetiniň binasyna tarap welosipedli ugrady.

Hormatly Prezidentimiz göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän Hökümet mejlisini açyp, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Müşşikowyň önümleri eksport edýän edara görnüşli taraplardan gelip gowuşýan walýuta serişdelerini düzgünleşdirmek barada ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabatyny diňledi.

Bu ugurda geçirilen işleriň jemleri boýunça pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda Kararyň taslamasy taýýarlanyldy. Oňa laýyklykda, ätiýaçlyk goruň serişdelerini Merkezi bankda toplamak hem-de ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň garamagyndaky edara-kärhanalaryň, döwletiň paýynyň gatnaşmagynda döredilen ähli edara görnüşli taraplaryň daşary ýurt pulundaky girdejilerini bu gora geçirmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz «Pul ätiýaçlyk goruny döretmek hakynda» hödürlenen Karary makullap we oňa gol çekip, resminamany elektron dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de öňde goýlan wezipeleriň gyşarnyksyz ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra wise-premýer işi ygtyýarlylandyrmagy guramagy kämilleşdirmek maksady bilen amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdi. Hususan-da, «Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine laýyklykda, ygtyýarlylandyrylan düzümleriň sanawyna, işleriň görnüşlerine we döwlet pajynyň möçberlerine gaýtadan seredildi.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ykdysady özgertmeleriň we bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmegiň çäklerinde bu ulgamda kadalaşdyryş namalarynyň täzelenmeginiň ähmiýetini belledi. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow ygtyýarlylandyrmagyň degişli talaplarynyň we şertleriniň berjaý edilişine gözegçiligiň möhümdigini belläp, bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň welaýatlarynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri we galla oragyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şu günler ýurdumyzyň kärendeçileri gowaça ideg işlerini alyp barýarlar. Gowaça meýdanlarynda agrotehniki kadalara laýyklykda, ilkinji hatarara bejergisi, olary ýekelemek we otag işleri alnyp barylýar. Bu işleri degişli derejede geçirmek maksady bilen, etraplaryň, daýhan birleşikleriň tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň zerur ähli oba hojalyk tehnikalary netijeli ulanylýar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde ýerine ýetirilýän işler, milli Liderimiziň aragatnaşyk pudagynyň, şol sanda «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, poçta hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek we ösdürmek bilen baglanyşykly çäreleri amala aşyrmak boýunça ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň hünärmenleri Türkmenistanyň «Aragatnaşyk hakynda» Kanunyna esaslanyp, ýerine ýetirilen hyzmatlara seljermeleri geçirdiler we ony mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçiliklerine garadylar hem-de bu ugurda degişli teklipleri taýýarladylar.

Milli Liderimiz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegi we ony sanlylaşdyrmagy ýola goýmak üçin aragatnaşyk ulgamynda geljegi uly meýilnamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek babatda anyk çäreleri görýändigini aýtdy. Iri taslamalary amala aşyryp, ýurdumyz ylmyň we tehnikanyň öňdebaryjy gazananlaryna we täzeçil tehnologiýalara esaslanýar. Bu işde «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň «Türkmenpoçta» poçta aragatnaşyk kompaniýasyna möhüm orun degişlidir.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, öňde boljak Türkmen halysynyň baýramyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, 31-nji maýda Söwda-senagat edarasynda Diýarymyzyň haly we dokma pudaklarynyň ýeten derejesine, hem-de söwda ulgamynda gazanylan üstünliklere bagyşlanan sergi-ýarmarkasy guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde bellenilýän hem-de türkmen halyçylarynyň yhlasly zähmetine, zehinine goýulýan hormatyň nyşanyna öwrülen hünär baýramçylygynyň uly ähmiýete eýedigini nygtady. Ussat zenanlaryň hünärli gollarynyň döreden halylarynyň ajaýyp sungat hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna eýe bolandygyny bellemek ýakymlydyr .

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary P.Agamyradow ýurdumyzyň resmi baýramçylyk seneleriniň sanawyna girizilen Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hödürlenen Kararyň taslamasyny makullap we resminama gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi hem-de onda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň hasabaty diňlenildi.

Habar berlişi ýaly, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň barşynda bu mejlisiň resminamasy hökmünde hormatly Prezidentimiziň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Gebreýesusyň adyna iberen hatynda beýan edilen СOVID-19 koronawirus keseliniň pandemiýasyna garşy göreşmek boýunça ilatyň saglygyny goraýyş ulgamynda Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan amala aşyrylýan çäreler baradaky maglumatyň ýaýradylandygy barada habar berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýylyň 29-njy maýynda GDA-nyň Hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň göni wideoaragatnaşyk arkaly geçiriljek nobatdaky mejlisine Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň başlangyjy boýunça 2021-nji ýylyň GDA-da Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda çäreleriň Meýilnamasynyň taslamasynyň taýýarlanylandygy aýdyldy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow, wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna ýurdumyzyň wekiliýetiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet ýolbaşçylarynyň Geňeşiniň öňde boljak mejlisine taýýarlygynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, harby özgertmeleriň amala aşyrylyşy, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly Türkmenistanyň goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrinany durmuşa geçirýändigini we mundan beýläk-de ýurdumyzyň parahatçylygynyň, howpsuzlygynyň, halkymyzyň abadan durmuşynyň kepili bolan goranyş ukybyny pugtalandyrmak üçin alada etjekdigini belledi.

oňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, öňde durýan wezipeleriň möhüm ugurlarynyň üstünde durup geçdi.

Milli Liderimiz Türkmenistanda ykdysady taýdan durnukly ösüşi saklamak üçin toplumlaýyn çäreleriň amala aşyrylmagynyň wajypdygy barada aýdyp, pudaklaryň köpugurly esasda ösdürilmegini, ýurdumyzyň bäsdeşlige ukyply önümleriniň sanawynyň we eksport kuwwatynyň artdyrylmagyny esasy ugur edinýän guralyň kämilleşdirilmelidigini tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz häzirki şertlerde ulag pudagynyň durnukly ösdürilmegine aýratyn üns berilýändigini belläp, logistika ulgamyň mümkinçiliklerini giňeltmek barada birnäçe görkezmeleri berdi.

Bitaraplygyň 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi hem-de olaryň bellenen möhletinde tamamlanmagy ýakyn geljek üçin möhüm wezipe bolup durýar. Şunlukda, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli we halkara ähmiýetli baýramçylyklara taýýarlyk meseleleri barada aýdyp, olary degişli derejede guramak barada anyk görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda milli Liderimiz ýekşenbe güni, 24-nji maýda mukaddes Oraza baýramynyň giňden belleniljekdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarly bolan halkymyzyň Oraza aýyna aýratyn gadyr goýýandygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylary we tutuş halkymyzy mukaddes Oraza baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, hemmelere berk jan saglyk, abadançylyk we bagtly durmuş arzuw etdi.

Soňra milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, 25-nji maýda Aşgabat şäheriniň gününiň hem dabaraly bellenip geçiljekdigini aýtdy. Munuň özi paýtagtymyzyň ýaşaýjylary üçin buýsandyryjy wakadyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilýän mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň binasyndan çykyp, welosipedli “Oguzhan” köşkler toplumyna tarap ugrady.