Gümrük habarlary

Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi
20 Maý
Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

2020-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň DIM-de Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşiginiň (IRU) wekilleri bilen wideomaslahat görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň DIM-niň web-saýty habar berýär. 

Onlaýn görnüşde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň wekilleri, şol sanda Daşary işler, Adalat, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Döwlet gümrük gullugynyň we «Türkmenawtoulaglary» döwlet agentliginiň, şeýle hem Halkara awtoulag daşaýjylarynyň türkmen assosiasiýasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar Türkmenistanyň Awtomobil ulaglarynyň halkara birleşigi bilen ulag daşamalary we gümrük gözegçiligi ugurlarynda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny hem-de ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara maksatly ýükleriň deslapky ýagdaýda jarnamalaşdyrylmagynyň ulgamyny - TIR-EPD hem-de awtomobil ulaglaryny we ýurdumyza girýän şeýle-de üstaşyr geçýän ýükleri hasaba almak boýunça elektron resminamalary deslapdan girizmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar

Duşuşygyň çäklerinde IRU-nyň wekilleri ýük daşamalaryna degişlilikde ýüze çykýan kynçylyklary ýeňip geçmek boýunça ýurtlaryň öňdebaryjy tejribeleri dogrusynda hem-de şeýle meseleleri kadalaşdyrýan halkara hukuk resminamalary barada gürrüň etdiler.