Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy
22 Few
Türkmenistanyň Prezidenti Lebap welaýatynda gurlan metjidiň açylyş dabarasyna gatnaşdy

2020-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, şol ýerde welaýatyň baş metjidiniň açylyş dabarasyna gatnaşdy, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Türkmenabada baryp, sebitiň dolandyryş merkeziniň Halkara howa menzilinde gondy, bu ýerde milli Liderimizi Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Lebap welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.

Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz, hökümet agzalary bilen söhbetdeş bolup, sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem önümçilik, senagat we durmuş maksatly desgalaryň gurluşygyna möhüm ähmiýet berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow howa menzilinden şäheriň günorta-gündogar bölegindäki gözel künjekleriň birinde — Bitarap Türkmenistan köçesiniň ugrunda gurlan täze metjide tarap ugrady.

Döwlet Baştutanymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde resmi adamlar garşyladylar, milli Liderimiz olara ýüzlenip, şu gün parz işiň berjaý edilendigini, şeýle çäreleriň halkymyzyň jebisligini berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny hem-de olary geljekde hem dowam etmegiň maksadalaýyk boljakdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýerden ugrady.