Habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow şanly Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy
14 Ýan
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhammedow şanly Bitaraplygyň 25 ýyllygyna bagyşlanan maslahata gatnaşdy

Şu gün Aşgabat şäherinde hormatly Prezidentimiz “Türkmenistan bilen halkara guramalaryň hyzmatdaşlygy – agzybirlige we ösüşe barýan hyzmatdaşlyk” atly maslahatyň dabaraly açylyşyna gatnaşdy. Bu maslahat Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyldy, diýip Türkmen Döwlet habarlar gullugy habar berýär.

Bu şanly waka bagyşlanyp biziň döwletimizde hem-de daşary ýurt döwletlerinde “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly şygar astynda dürli maslahatlaryň we çäreleriň geçirilmegi meýilleşdirilýär, olaryň başyny hem şu maslahat açdy.

Irden Döwlet Baştutanymyz “Oguzkent” myhmanhanasyna gelip, şol ýerde foruma gatnaşyjylar – abraýly halkara guramalaryň, diplomatik wekilhanalaryň, ýurdumyzyň ýolbaşçy düzümleri, şeýle hem ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş edaralaryň wekilleri bilen duşuşdy.