Goşmaça tölegiň möçberleri

Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň sanawy we goşmaça tölegiň möçberleri

Türkmenistanyň gümrük çäklerine getirilýän harytlar boýunça

Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň atlary

Goşmaça tölegleriň möçberleri

Piwo

Gümrük bahasynyň 60%-i, emma 1 litri üçin azyndan 5 manat

Düzüminde aşakdaky möçberde alkogol bolan üzüm çakyrlary we alkogolly içgiler:

20 göterim we şoňa çenli

20 göterimden ýokary

Gümrük bahasynyň 110%-i, emma 1 litri üçin azyndan 25 manat

 

Gümrük bahasynyň 110%-i, emma 1 litri üçin azyndan 40 manat

Spirtli içgiler taýýarlanylanda ulanylýan spirt (saglygy goraýyş maksady bilen getirilýänlerinden, şeýle hem döwlet kärhanalary, alyjylar birleşmeleriniň kärhanalary tarapyndan  getirilýänlerinden beýlekileri)

   1 litri üçin 5 amerikan dollary

Temmäki önümleri

Gümrük bahasynyň 47%-i, emma 1 gutusy üçin azyndan 2 amerikan dollary

Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary

1 kg üçin 10 amerikan dollary

Ýeňil awtoulaglar (tiz kömek awtoulaglaryndan we maýyplar üçin ýörite enjamlaşdyrylan ýörite ulaglardan başga)

Hereketlendirijiniň iş göwrüminiň 1 kub sm-i üçin ABŞ-nyň 0,3 dollary

Goşmaça töleg tölenmäge degişli harytlaryň sanawy daşary ykdysady işiň haryt sanawynyň kodlaryna laýyklykda toparlara bölünýär.