Bildirişler

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hyzmatdaşlyga çagyrýar!

Harytlary we ulag serişdelerini serhetýaka gümrük postlarynda deklarirlemegiň synag taslamasyny durmuşa geçirmekde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurdumyzyň gümrük dellallaryny hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bildirilýän talaplar barada goşmaça maglumatlar bilen tanyşdyrmak we hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin gyzyklanýan taraplar 2019-njy ýylyň 5-nji martynda sagat 10:00-da Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynda kabul edişlige çagyrylýar.

DOWAMY
TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY Türkmenistanyň Gümrük kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda I. 2010-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Kanuny bilen tassyklanylan Türkmenistanyň Gümrük kodeksine (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2010 ý., № 3, 61-nji madda; 2012 ý., № 3, 69-njy madda, № 4, 96-njy madda; 2015 ý., № 4, 127-nji madda; 2017 ý., № 1, 31-nji madda) şu goşmaçalary we üýtgetmeleri girizmeli: 1) 73-nji maddadan soň şu mazmunly maddany goşmaly: «731-nji madda. Gümrük işi babatda hukuk bozulmalarynyň amala aşyrylan halatynda harytlary wagtlaýyn saklamag...

DOWAMY
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralyndaky 14594-nji karary bilen Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawy tassyklandy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2016-njy ýylyň 5-nji fewralyndaky 14594-nji karary bilen Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň Sanawy tassyklandy. Eksport edilmegi bilen bagly Türkmenistanyň gümrük çäginden daşyna çykarylanda sertifikatlaşdyrylmaga degişli önümleriň SANAWY I.    Uglewodorod önümleri -    Çig nebit we nebit önümleri -    Tebigy gaz -    Suwuklandyrylan gaz -    Gaz kondensaty -    Polietilen -    Polipropilen II.    Oba hojalyk önümleri -    Pagta we pagta süýümi -    Bugdaý w...

DOWAMY