Habarlar
RSS

07.06.2022

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

07.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

06.06.2022

Türkmenistanyň Prezidenti Şwesiýanyň Patyşasyny gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şwesiýanyň Patyşasy Karl XVI Gustawa we ýurduň halkyna Şwesiýanyň Milli güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

06.06.2022

Türkmenistanyň hünärmenleri Owganystanda demir ýol gurluşugyna dowam etmäge girişýärler

“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler.

06.06.2022

Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni giňden bellenildi

Düýn Oba hojalyk toplumynyň edara binasynyň mejlisler zalynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanyp «Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň döwlet ekologiýa syýasaty — durnukly ösüşiň we «ýaşyl» ykdysadyýetiň binýady» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

05.06.2022

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisi

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri hem çagyryldy.