27.06.2022
Ynsanperwerlik ýüki Owganystana gowşuryldy
Türkmen halky hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerip, Owganystanyň Host we Paktika welaýatlarynda bolup geçen ýertitreme zerarly heläkçilik çekenlere ynsanperwerlik kömegini bermek maksady bilen, goňşy döwletiň doganlyk halkyna azyk önümlerinden, dürli görnüşli dermanlyk we arassaçylyk serişdelerinden, köp mukdardaky hojalyk harytlaryndan ybarat bolan ynsanperwerlik ýüküni iberdi. Ol düýn Kabul şäherine ýetirildi.
26.06.2022
Täze binalar halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir
Düýn Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow, döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça, Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy.
25.06.2022
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.
24.06.2022
Türkmenistanyň dokma önümleri 2022 – Import harytlaryň sergisinde görkezildi
Düýn, 23-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň paýtagty Seul şäherinde geçirilýän 2022 – Import harytlaryň sergisiniň açylyş dabarasy boldy.
24.06.2022
Türkmenistanda halkara ekologiýa forumy geçirildi
Düýn paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda “Uglewodorod serişdelerini çykarmagyň ekologiýa jähetleri” atly halkara ylmy maslahat geçirildi.
23.06.2022
Türkmenistan ýer titreme heläkçiligine uçran Owganystana ynsanperwer kömegini iberer
2022-nji ýylyň 23-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystanyň Türkmenistandaky işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Mohammad Fazel Saber bilen duşuşygy geçirildi.