Gümrük habarlary
RSS

23.06.2021

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň nobatdaky mejlisi

2021-nji ýylyň 22-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 4-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine “Eksport-import amallary üçin bir penjire” atly 2021-2023-nji ýyllar üçin Taslama resminama gatnaşyjy ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekilleri hem-de BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Taslama resminama boýunça dolandyryjy hünärmeni gatnaşdy.

20.06.2021

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyna gatnaşdy

2021-nji ýylyň 14-18-nji iýuny aralygynda Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilýän «Ready4Trade Merkezi Aziýa» atly taslamanyň çäklerinde BMG-niň Halkara söwda merkezi (ITC) gümrük gullugynyň işgärleri üçin gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça sebitleýin okuw maslahatyny geçirdi. Okuw maslahatyna Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň gümrük gulluklarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň dowamynda Halkara söwda guramasynyň hünärmenleri Gender nukdaýnazaryndan söwda amallaryny ýeňilleşdirmek boýunça çykyş edip, gatnaşyjylara bu mesele boýunça giň düşünje berdiler. Soňra okuw maslahatynyň amaly bölegide gatnaşyjylar bu okuw modullary bilen özbaşdak çykyş etdiler.

19.06.2021

Lebaply telekeçilerden – dünýä bazaryna

Döwlet tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler giňden ösdürilip başlandy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem hereket edýän hususy kärhanalardyr işewürleriň ilaty azyklyk hem-de beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün etmekleri üçin mümkinçiliklerini has giňeltdi. Önümleriň bolçulygynyň döremegi bilen eksport ugry çalt depginlerde ösüp başlady.

09.06.2021

Eksporty artyrmakda uly höwes

Hazirki wagtda, ýurdumyzyň telekeçileri hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy dünýäniň ösen ýurtlarynyň hataryna goşmak babatda alyp barýan işlerine işjeň gatnaşyp, ata Watanymyzyň dünýädäki abraý‒mertebesiniň belende göterilmegine mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýurdumyzyň möhüm ugurlardaky öňegidişliklerde ösen innowasiýaly tehnologiýany ornaşdyrmakda we giňden ulanmakda işjeňlik görkezýärler. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ähli babatdaky ösüşleri kanunalaýyklykda amala aşyrylyp, Kanunlara we kanunçylyk namalaryna döwrüň talaplaryna laýyklykda üýtgetmeler we goşmaçalar girizilýär.Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň kanuny esaslary barada hem düýpli işler amala aşyrylýar.

04.06.2021

Ahal welaýat gümrükhanasynyň iş çäginde eksport edilýän harytlaryň görnüşi artýar

Türkmenistanda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek boýunça Döwlet maksatnamasynyň tassyklanmagy bilen ýurdumyzyň telekeçilerine daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmekde giň mümkinçilikler açyldy. Şeýle harytlaryň düzümini kämilleşdirmek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan ugurlar kesgitlenilip, senagat, gündelik sarp edilýän we azyk önümlerini ýerli önümçilikler bilen çalyşmagyň üstünde işler geçirilip oňyn netijeler gazanyldy. Ahal welaýat gümrükhanasynda eksport gümrük düzgüninde resmileşdirilýän harytlaryň görnüşleri muňa aýdyň şaýatlyk edýär.

29.05.2021

“Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş topary öz işini dowam edýär

2021-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda “Eksport-import amallary üçin bir penjire” ulgamynyň işini utgaşdyrmak boýunça Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisi geçirildi. Pudagara iş toparynyň 3-nji mejlisiň işine, iş toparynyň düzümine gatnaşýan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň jogapkär wekillerinden başga, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanda halkara awtoulagly daşaýjylaryň assosiasiýasynyň (THADA) wekilleri gatnaşdylar.