Habar

2024-nji ýylyň 29-njy aprelinde Bütindünýä gümrük guramasynyň baş binasynda bu Guramanyň Ýewropa sebitindäki agza döwletleriň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň 2024-nji ýyldaky maslahaty geçirildi.

Oňa gatnaşmak üçin Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Belgiýa patyşalygynyň Brýussel şäherinde iş saparynda boldular. Maslahatyň işine Bütindünýä gümrük guramasynyň Ýewropa sebitindäki 53 sany agza döwletleriniň gümrük gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde wekiliýetler gatnaşdylar.

Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary I.Saundersiň gatnaşmagynda geçirilen bu Maslahatyň dowamynda BGG-ni döwrebaplaşdyrmak, gümrük hyzmatdaşlygyny Ýewropa sebiti derejesinde güýçlendirmek, BGG-niň Maliýe we gözegçilik komitetleriniň hasabatlary hem-de 2024-2025-nji maliýe ýyly üçin býujet meýilnamalaşdyrylyşy, BGG-niň mümkinçilikleri giňeltmek boýunça Ýewropa sebit edarasynyň  (ýerleşýän ýeri Baku ş.) we Guramanyň sebitdäki gümrük aňtaw – maglumat bölümleriniň işleri, öňdäki Gümrük geňeşiniň gün tertibine girizmek teklip edilýän sebitleýin meseleler (Elektron söwda, Ýewropa sebitindäki gümrük hyzmatdaşlygyna täsirini ýetirýän gümrük serhetlerindäki gowşaklyklar, 2024-2025 maliýe ýyly üçin  meýilnamalar, saýlanýan orunlara sebitden dalaşgär ýurtlar) bilen bagly soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň ýanyndaky Okuw merkezine Bütindünýä Gümrük Guramasynyň sebitleýin okuw merkezi derejesiniň berilmegi boýunça mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin Bütindünýä Gümrük Guramasynyň wekilleri bilen duşuşyldy.