Habar

Türkmenistanda ornaşdyrylan «Eksport-import amallary üçin bir penjire» ulgamy ýurdumyzyň sanly ykdysadyýete geçmegi ugrunda amala aşyrylýan esasy ädimleriň biridir. Bu taslama Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan halkara standartlara laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş Maksatnamasynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş boýunça konferensiýasy ýaly halkara guramalaryň işjeň hyzmatdaşlygy bilen durmuşa geçirildi.

Ulgama — eksport, import we üstaşyr babatynda rugsatnamalary berýän 24 ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary birikdirildi. Ulgamda 9 müňden gowrak ulanyjy bellige alyndy. bu bolsa ulgama bolan ýokary ynamynyň nyşandyr.

Bu ulgam 2024-nji ýylda işe girizildi we ol gysga wagtyň içinde oňyn netijeleri görkezdi. Ýagny, 2024-nji ýylda ulgamyň üsti bilen 100 müňe golaý resmileşdirmeler amala aşyryldy we 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa 58 müňe golaý elektron ýüzlenme gelip gowuşdy we resmileşdirildi.

Web-portal gije-gündiziň dowamynda https://tradebridge.gov.tm sahypasynda elýeterlidir. Ulanyjylara hemişelik tertipde tehniki goldaw hyzmaty hödürlenýär.

«Bir penjire» ulgamy daşary ykdysady işi ep-esli çaltlandyrdy we ýönekeýleşdirdi. Resminamalaryň çalt resmileşdirilmegi we iş dolanyşygyň azalmagy, eksportyň ösmegine we täze hyzmatdaşlaryň çekilmegine şert döredýär. Şeýle-de, Türkmenistan üstaşyr ýurdy hökmünde ornuny pugtalandyrýar: ýükleriň geçiş wagty gysgalýar, logistika ugurlary bolsa has amatly bolýar.