
2025-nji ýylyň 29–30-njy aprelinde Brýussel şäherinde geçirilen Bütindünýä gümrük guramasynyň (BGG) Ýewropa sebitindäki agza döwletleriniň gümrük ýolbaşçylarynyň ýyllyk maslahatynda Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň Okuw merkezine BGG-niň Sebitleýin okuw merkezi derejesiniň berilmegi baradaky teklip biragyzdan goldanyldy.
Türkmenistan tarapyndan maslahata Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet hem-de Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Ilçisi S.Palwanow we geňeşçi Ý.Kakajanow gatnaşdylar. Gullugyň wekili K.Ahmedow maslahatyň gün tertibinde aýratyn orun alan mesele boýunça çykyş edip, Okuw merkeziniň halkara ülňülere laýyk gelýän mümkinçilikleri, kämilleşdirilen infrastrukturasy, tejribe alyş işleriniň gerimi barada giňişleýin maglumat berdi. Şeýle hem, Okuw merkeziň mümkinçiliklerini açyp görkezýän wideoprezentasiýa görkezildi.
Maslahata gatnaşyjy ýurtlaryň, şol sanda Türkiýäniň, Russiýanyň, Gazagystanyň we Azerbaýjanyň wekilleri türkmen başlangyjyny doly goldap çykyş etdiler. Bu teklip boýunça jemleýji ädim hökmünde, şu ýylyň iýun aýynda BGG-niň agza döwletleriniň ýolbaşçylarynyň Geňeşinde degişli Ähtnama gol çekmek meýilleşdirilýär. Gullugyň ýanyndaky Okuw merkeziniň sebitleýin okuw merkezi derejesine eýe bolmagy Türkmenistanyň gümrük ulgamynda halkara derejesinde gazanýan üstünlikleriniň nobatdaky beýany boldy.