Habar

2026-njy ýylyň 30-31-nji oktýabrynda Daşkent şäherinde Özbegistan Respublikasynyň Ykdysadyýet we maliýe ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň Gümrük instituty tarapyndan «Gümrük barlagy — 2026: Howpsuzlyk bilen dessinligiň arasynda deňagramlylygy üpjün etmek — has ygtybarly we gülläp ösýän ählumumy söwda gurşawyny döretmegiň ýoly» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Halkara çärä halkara guramalaryň, daşary ýurtlaryň gümrük edaralarynyň, ylmy we bilim merkezleriniň wekilleri bilen birlikde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak, serhetüsti söwdanyň howpsuzlygyny üpjün etmek, töwekgelçilikleri dolandyrmak, şeýle hem gümrük ulgamyna sanly tehnologiýalary we emeli aňy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar bu ugurlarda halkara tejribesi bilen paýlaşdylar.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri hem ýurdumyzyň gümrük ulgamynda alnyp barylýan işler we gazanylan tejribe bilen paýlaşyp, gümrük işini döwrebaplaşdyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak hem-de gümrük gözegçiliginiň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça milli tejribäni tanyşdyrdylar.

Maslahata gatnaşmak türkmen gümrükçilerine daşary ýurtly kärdeşler bilen tejribe alyşmaga, hünär gatnaşyklaryny ösdürmäge we halkara hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.