Habar

Ýurdumyzyň çäginden geçýän halkara ulag geçelgeleriniň ugrundaky gümrük nokatlary döwrüň ösýän talaplaryna laýyklykda, tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylýar. Nobatdaky tapgyrda, türkmen-eýran serhedinde ýerleşýän «Sarahs awtoýollary» gümrük nokadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça gurluşyk işleri tamamlandy.

Gurluşyk işleriniň barşynda, gümrük nokadyň çäklerindäki binalarda we desgalarda abatlaýyş işleri geçirilip, ulag geçirijiligini çaltlandyrmaga ýardam berýän şertler döredildi. Şeýle hem, gümrük nokadyň çäklerinde ulaglaryň we harytlaryň hereketlerine gözegçilik etmek hem-de hasaba almak boýunça sanly dolandyryş ulgamy işe girizildi. Bu bolsa, gümrük nokadyndan geçirilýän awtoulaglara hem-de harytlara ygtybarly gümrük gözegçiligini guramak bilen bir hatarda, olaryň gümrük serhedinden çalt geçirilmegini üpjün edýär.

 «Sarahs awtoýollary» gümrük nokady birnäçe halkara ulag geçelgeleriň ugrunda ýerleşmek bilen, ulaglaryň we harytlaryň üstaşyr geçirilmeginde ähmiýeti uly gümrük nokatlarynyň biri bolup durýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, ýurdumyzyň serhet geçelgeleri tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylyp, olaryň ulag geçirijilik kuwwaty ýokarlandyrylýar. Şu ýylyň başyndan bäri «Garabogaz» we «Artyk» gümrük nokatlarynyň durky täzelenip, işe girizildi.