Habar

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň 27-nji ýanwarynda ýurdumyzda Watan goragçylarynyň güni Döwlet derejesinde bellenilip geçildi. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Permany bilen Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylarynyň ençemesine Döwlet sylaglary we nobatdaky harby atlary gowşuryldy. Bu dabaraly çäre Gullugyň Merkezi edarasynda giňden ýaýbaňlandyrylyp geçirildi.

Şanly sene mynasybetli  Döwlet gümrük gullugynyň öňdebaryjy harby gullukçylary Türkmenistanyň «Mälikguly Berdimuhamedow» medaly, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, Türkmenistanyň «Watan öňündäki birkemsiz harby gullugy üçin» medalynyň II we III derejeleri bilen sylaglandylar, harby gullukçylaryň birnäçesine bolsa, nobatdaky ýokary harby atlary dakyldy.

Döwlet sylaglaryna we nobatdaky harby atlaryna mynasyp bolan Döwlet gümrük gullugynyň harby gullukçylarynyň Hormatly Belent Serkerdebaşymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyşlary belentden-belent ýaňlanýar.