
2025-nji ýylyň 5-nji awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň üçünji maslahatynyň çäginde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) arasynda, gümrük işini sanlylaşdyrmak esasynda üýtgedip guramak arkaly sebitleýin arabaglanyşygy ösdürmek we «akylly» gümrügi döretmek atly Tehniki goldawy bermek boýunça Taslama resminamasynyň 3-nji tapgyryna gol çekildi.
Resminama ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmekde we ony ösdürmekde gazanylan oňyn tejribeleriň esasynda has netijeli taslamalaryň ornaşdyrylmagyny giňden ýaýbaňlandyrmak hem-de bu ugurda işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek göz öňünde tutulýar.
Gol çekmek dabarasy Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy bilen UNCTAD-nyň Baş sekretary Rebeka Grimpsonyň arasynda iki taraplaýyn duşuşyk bilen dowam etdi. Duşuşykda taraplar häzirki hyzmatdaşlygyň derejesini ara alyp maslahatlaşdylar we gümrük amallaryň sanlylaşdyrylmagy boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk ösdürmek üçin özleriniň ygrarlydygyny tassykladylar.
UNCTAD-nyň Baş sekretary Rebeka Grimpson Türkmenistanyň sanlylaşdyrmak uguryndaky tagallalary ýokary baha berdi we UNCTAD bilen Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň halkara hyzmatdaşlygynyň üstünlikli mysaly hökmünde ähmiýetini belledi.
Öz nobatynda, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy UNCTAD-nyň yzygiderli goldawyna minnetdarlyk bildirip, taslamanyň üçünji tapgyrynyň amala aşyrylmagynyň ýokary tehnologiýaly, döwrebap we netijeli gümrük ulgamyny döretmek ugrunda möhüm ädim bolup durýandygyny nygtady.