
2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda ýaş harby gullukçylara degişli Güwänamalary gowşurmak we ilkinji harby atlaryny dakmak dabarasy geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 6-njy aprelindäki 2212-nji belgili karary bilen tassyklanan «Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy hakynda» Düzgünnama laýyklykda, şu ýylyň 24-nji martyndan 24-nji maýy aralygynda Arkadag şäheriniň gümrükhanasynda Gullugyň düzümindäki ýaş harby gullukçylara hünär taýýarlygy we harby tälim boýunça ýöriteleşdirilen okuw sapaklary üstünlikli geçirildi.
Okuwlaryň dowamynda ýaş harby gullukçylar gümrük işiniň dürli ugurlary, şol sanda barlag-rentgen enjamlarynyň ulanylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Okuwlaryň nazaryýet bilen bagly bölegi tejribelik bilen utgaşdyrylyp, olar Halkara gümrük terminalynda amaly başarnyklaryny kämilleşdirdiler.
Dabaranyň dowamynda ýaş harby gullukçylar wepadarlyk kasamyny ýerine ýetirip, eziz Watanymyza, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz wepaly gulluk etjekdiklerine kasam etdiler.
Bu çäre ýurdumyzyň gümrük işgärleriniň täze nesliniň taýýarlyk derejesini ýokarlandyrmakda, watansöýüjilik ruhuny terbiýelemekde möhüm ädimleriň biridir.