Habar

07.05.2021

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik

Düýn Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Söhbetdeşligiň başynda dostlukly döwletiň Baştutany milli Liderimize öwezini dolup bolmajak ýitgi – kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanjyny bildirdi we tutuş hytaý halkynyň adyndan duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi hem-de sabyr-takatlylyk arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygyna minnetdarlyk bildirip, berýän goldawyna ýokary baha berýändigini hem-de şu kyn günlerde Hytaýyň halkynyň we onuň Lideriniň agyr ýitgi zerarly gynanjyny paýlaşýandygyna sarpa goýýandygyny nygtady.

Soňra söhbetdeşler ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän köpugurly türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem halkara we sebit gün tertibiniň käbir meseleleri boýunça pikir alyşdylar.

Dostlukly döwletiň Baştutany Türkmenistan bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge hem-de halkara giňişliginde utgaşykly özara gatnaşyklary ilerletmäge möhüm ähmiýet berilýändigini nygtady.

Iki ýurduň Liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Si Szinpin soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň gazanylandygyny kanagatlanma bilen belläp, üstünlikli hyzmatdaşlygyň baý tejribesini we bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak bilen, Türkmenistanyň hem-de Hytaýyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Nebitgaz toplumy ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda eýýäm bilelikdäki iri taslamalaryň ençemesi, ilkinji nobatda bolsa, üstünlikli ulanylýan Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisi bilen baglanyşykly taslama amala aşyryldy. Bu gün şol gaz geçirijisi boýunça türkmen tebigy gazy HHR-e iberilýär.

Şeýle hem ynsanperwer ulgamda, hususan-da, ylym, bilim, medeniýet, sport we syýahatçylyk ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmegiň zerurdygy bellenildi. Bu ulgamlaryň ösdürilmegi iki döwletiň Liderleriniň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary netijeli hyzmatdaşlygyň geljeginiň uludygyny tassyklap, ýokary we hökümetara derejesindäki yzygiderli gepleşikleriň gadymy dostlugyň binýadyna esaslanýan köpugurly türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna gönüden-göni ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny aýdyp, iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, durnuklylyk hem-de döwlet ösüşiniň saýlanyp alnan ýolunda üstünlikleri arzuw etdiler.