Habar

2025-nji ýylyň 3-5-nji sentýabry aralygynda Gyrgyzystan Respublikasynyň Bişkek şäherinde Merkezi Aziýada Serhetleri Dolandyrmak Maksatnamasynyň (BOMCA-10) 10-njy tapgyrynyň tamamlanmagyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Çärelere ýurdumyzyň beýleki degişli edaralarynyň wekilleri bilen bir hatarda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan Okuw merkeziniň müdiriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.

2021-nji ýylyň aprelinden 2025-nji ýylyň sentýabryna çenli durmuşa geçirilen BOMCA-10 maksatnamasy Merkezi Aziýada howpsuzlygy we durnuklylygy ýokarlandyrmaga gönükdirildi. Onuň esasy ugurlary serhetleri dolandyrmak boýunça işleri kämilleşdirmek, kanuny söwdany ýeňilleşdirmek, serhetüsti hyzmatdaşlygy ösdürmek we serhetýaka sebitlerde ilatyň ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmakdy.

Bişkekde geçirilen çäreleriň çäklerinde 4-nji sentýabr güni BOMCA-10 maksatnamasynyň ýardam etmeginde döredilen Gyrgyzystan Respublikasynyň Serhet gullugynyň merkeziniň Seljeriş merkeziniň açylyşy boldy.

5-nji sentýabrda Bişkek şäherindäki Şeraton myhmanhanasynda geçirilen jemleýji maslahatynda BOMCA-10 maksatnamasynyň netijelerini jemledi we indiki 11-nji tapgyrynyň geljegini kesgitledi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda gatnaşyjy ýurtlaryň teklipleriniň we üstünlikli tejribeleriniň durmuşa geçirilişine mysallara seredildi. Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugynyň wekiliýeti Maksatnamanyň çäginde serhetleri dolandyrmak babatda işleri güýçlendirilişi, hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmak we beýleki ugurlarda gazanylan netijeleri bilen paýlaşdylar.