News

 Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi
7 Dec
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasaryny kabul etdi

2016-njy ýylyň 6-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasini kabul etdi.   Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň hem-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy Dmitriý Medwedewiň mähirli salamlaryny ýetirdi. Grigoriý Karasiniň belleýşi ýaly, Russiýada Türkmenistan bilen däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýärler hem-de köp ýyllyk hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler.    Hormatl...

MORE
  Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi
5 Dec
Türkmenistanda Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi

2016-njy ýylyň 4-nji dekabrynda Türkmenistanda däp bolşy ýaly her ýylyň dekabr aýynyň ilkinji ýekşenbesinde bellenilýän Goňşokara baýramy mynasybetli çäreler geçirildi. Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda guralan dabaralara gatnaşyjylar - il sylagly ýaşulular, medeniýet we sungat işgärleri, ýaşlar baýramçylyga gelen myhmanlary şatlykly hem mähirli garşylap, gadymy türkmen däbine laýyklykda, bir-birege duz-çörek, milli tagamlary, naz-nygmatlary hem-de ir-iýmişleri hödürlediler.       Belli estrada we halk aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň, folklor we tans toparlarynyň gatnaşmagynda bolan konsert ähl...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi
2 Dec
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisi

2016-njy ýylyň 1-nji dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary şu ýylyň 11 aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemleri, düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we döwrebaplaşdyrmak, jemgyýetçilik-syýasy durnuklylygy, kanunçylygy we hukuk tertibini üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler barada hasabat berdiler.   Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Çakyýew 2016-njy ýylyň...

MORE
 Durnukly ulag ulgamy boýunça Ahlumumy maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi
28 Nov
Durnukly ulag ulgamy boýunça Ahlumumy maslahatyň çäklerinde resminamalaryň birnäçesine gol çekildi

Forumyň çäklerinde, ikitaraplaýyn duşuşyklaryň netijesinde resminamalaryň birnäçesine, şol sanda Özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça geňeşmeleriň usulyny ýola goýmak babatda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Çili Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Girdejiler üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hem-de fiskal boýun gaçyrylmagynyň öňüni almak hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Koreýa Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky Konwensiýanyň tassyklanandygy baradaky hatlary alyşmak hakyndaky Teswi...

MORE
   Hasyl baýramy mynasybetli dabaralar
28 Nov
Hasyl baýramy mynasybetli dabaralar

2016-njy ýylyň 27-nji noýabry. Şu gün noýabr aýynyň ahyrky ýekşenbesinde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Hasyl toýuna bagyşlanan dabaralar geçirildi. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan bu ajaýyp baýramçylyk Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolmak bilen, ekerançylaryň yhlasly zähmetine, olaryň Watanymyzyň öňünde bitirýän hyzmatlarynyň halkymyz tarapyndan ykrar edilýändiginiň alamatyna öwrüldi.        Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda hem-de Garaşsyzlygyň 25 ýyllygy bellenilýän ýylynda oba zähmetkeşleri uly üstünliklere eýe boldular. Türkmen pagtaçylary...

MORE
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň işe girizilmegi dabarasyna gatnaşdylar
28 Nov
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleri Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň işe girizilmegi dabarasyna gatnaşdylar

2016-njy ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani halkara Aziýa demirýol ulag geçelgesiniň birinji nobatyny işe girizmek dabarasyna gatnaşmak üçin Ymamnazar demirýol menziline geldiler. Türkmenistanyň Prezidenti türkmen-owgan serhedinde nebit önümlerini kabul etmek, saklamak we ibermek boýunça täze “Ymamnazar” terminalyny açdy. Terminalyň tabşyrylmagy Halkara Aziýa demirýol ulag geçelgesiniň birinji tapgyryny işe girizmek boýunça teleköpriniň ýardamy bilen amala aşyryldy. Onuň kuwwaty 540 müň...

MORE