News

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden
2 Mar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 1-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu ýylyň iki aýynyň jemlerine bagyşlanan mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2016-njy ýylyň ilkinji iki aýynda alyp baran işleriniň netijelerine garaldy hem-de ýurdumyzda parahatçylygyň we durnuklylygyň esaslaryny pugtalandyrmak, Türkmenistanyň täze Harby doktrinasy bilen baglylykda, kanunçylygy hem-de düzgün-tertibi üpjün etmek boýunça gaýragoýulmasyz wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Me...

MORE
Türkmenistanda halkara ulag geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
1 Mar
Türkmenistanda halkara ulag geçelgeleriniň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

2016-njy ýylyň 29-njy fewralynda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň we Gruziýa Respublikasynyň demir ýol we deňiz ulaglary edaralarynyň ýolbaşçylarynyň ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň wekilleriniň gatnaşmagynda bäştaraplaýyn duşuşygy geçirildi. Şu gezekki halkara duşuşygynyň gün tertibine “Gündogar-Günbatar” multimodal ulag geçelgesini hem-de sebit we sebitara  hyzmatdaşlygynyň  düzümlerini ösdürmegiň binýadynyň netijeli ulag geçelgelerini kemala getirmegiň möhüm wezipelerini çözmegiň...

MORE
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berdi
26 Feb
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyryna badalga berdi

2016-njy ýylyň 25-nji fewralynda türkmen paýtagtynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Milli Liderimiz mejlisini açyp, bu duşuşyga Guramaçylyk komitetiniň agzalaryndan başga-da, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiniň, Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçylarynyň we hünärmenleriniň, şeýle hem Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň 21 görnüşiniň milli federasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň, türgenler...

MORE
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.
24 Feb
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi.

2016-njy ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýerine ýetiriş işleri boýunça orunbasary jenap Mohammad Şariatmadarini kabul etdi. Ol EYR-nyň XII ýöriteleşdirilen sergisine gatnaşmak maksady bilen, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna geldi. Döwlet Baştutanymyz we myhman söwda-ykdysady ulgamda türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi barada bolan pikir alyşmalaryň barşynda iki ýurduň hem netijeli işewür gatnaşyklary mundan beýläk-de işjeňleşdirmäge, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberler...

MORE
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
20 Feb
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 18-nji fewraynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli möhüm meseleleriň birnäçesine hem-de käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow önümleri we hyzmatlary laýyklyk nyşany bilen standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak babatda kadalaşdyryjy resminamalary kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän işler barada hasabat berdi. “Standartlaşdyrmak hakynda” we “Sertifikasiýalaşdyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryn...

MORE
Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar
20 Feb
Watanymyzyň mukaddes tugunyň şanyna dabaralar

2016-njy ýylyň 19-njy fewralynda Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanda Döwlet baýdagynyň güni giňden bellenilip geçildi. Esasy dabaralar paýtagtymyzyň günorta böleginde ýerleşýän baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada geçirildi, bu ýerde  -- 133 metr belentde Türkmenistanyň Baş baýdagy buýsançly pasyrdaýar.  Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni  mynasybetli gül goýmak dabarasyna hökümet agzalary, ýurdumyzyň Mejlisiniň, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi, hormatly ýaşulular, ýaşlar, jemgyýetçilik guramalarynyň, kö...

MORE