News

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler gepleşikler geçirildi
9 Mar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Katar döwletiniň emiriniň arasynda gepleşikler gepleşikler geçirildi

2016-njy ýylyň 7-nji martynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn resmi sapar bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň arasynda gepleşikler geçirildi. Ýokary derejedäki bu ikitaraplaýyn duşuşyk däbe öwrülen dostlukly döwletara gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açyp, iki ýurduň netijeli hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we giňeltmäge ymtylýandygyny tassyklady. Şol hyzmatdaşlygyň kuwwatyny amala aşyrmak umumy bähbitlere laýyk gelýär. Giňişleýin düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanandan soň, “Seljuk han” zalynda iki ý...

MORE
Türkmenistan halkara zenanlar gününi ählihalk dabaralary bilen garşylaýar
9 Mar
Türkmenistan halkara zenanlar gününi ählihalk dabaralary bilen garşylaýar

2016-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp, sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren, hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda Türkmenistanyň “Ene mähri” diýen hormatly adyna mynasyp bolan eneleri sylaglamak hem-de köp çagaly maşgalalara täze kaşaň öýleriň açarlaryny gowşurmak dabarasy boldy. Dünýä iň gymmatly zady – ýaşaýşy peşgeş berýän enelere ähli döwürlerde hem-de ähli halklarda uly sarpa goýlupdyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda Tür...

MORE
Halkara zenanlar gününiň hormatyna baýramçylyk konserti
9 Mar
Halkara zenanlar gününiň hormatyna baýramçylyk konserti

2016-njy ýylyň 7-nji martynda ajaýyp bahar baýramynyň—Halkara zenanlar gününiň öň ýanynda paýtagtymyzyň Mejlisler merkezinde Garşsyz Watanymyzyň şöhratly aýal-gyzlarynyň hormatyna uly konsert geçirildi. Türkmenistanda “Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda ajaýyp bahar baýramy aýratyn mana beslenýär, çünki köp asyrlyk milli däp-dessurlary saklamakda zenanlara möhüm orun degişlidir. Türkmen sungatynda zenanyň keşbi parahatçylyga bolan gatnaşygyňy beýan etmegiň, ylhamlaryň gözbaşy bolmak bilen, esasy orunda durupdy we şeýle bolmagynda hem galýar. Gadymy döwür...

MORE
2016-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti geçirildi.
9 Mar
2016-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti geçirildi.

2016-njy ýylyň 7-nji martynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynda Halkara zenanlar gününe bagyşlanyp bilelikdäki türkmen-awstriýa konserti geçirildi.  Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Awstriýa – Тürkmen jemgyýeti tarapyndan guralan döredijilik agşamyna gatnaşmak üçin Wena döwlet opera teatrynyň aýdymçylary Andreas Ýankowiç we Werena te Best, tansçy jübüt Ramina Ýustina Kolodsiý we Damian Simka, şeýle hem awstriýa dirižýory, “Galkynyş” Türkmen – awstriýa orkestriniň çeper ýolbaşçysy Wolfgang Harrer Aşgabada geldiler. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri, “Mu...

MORE
Aşgabatda gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi geçirilýär
9 Mar
Aşgabatda gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisi geçirilýär

2016-njy ýylyň 8-nji martynda Halkara zenanlar gününde paýtagtymyzda Gülçülik we bagçylyk boýunça halkara sergisiniň açylmagy aýal-gyzlarymyza özboluşly sowgat boldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy hem-de Medeniýet ministrligi bilen bilelikde guralan sergi gözelligiň we döredijiligiň, ajaýyp aýdym-sazlaryň, şatlykly duşuşyklaryň özboluşly baýramçylygyna hem-de ýurdumyzda döwlet tarapyndan zenanlara uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara sergisine gatnaşyjylara  we myhmanlara iberen Gutlagyny uly üns  ...

MORE
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden
5 Mar
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden

2016-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onuň barşynda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň iki aýynda ýerine ýetiren işleriň netijelerine garady we birnäçe ýolbaşçylaryň işi boýunça anyk çözgütler kabul edildi we birnäçe guramaçylyk meselelerine seredildi. Mejlisde Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow ýurdumyza awtoulag serişdelerini getirmegiň tertibini kämilleşdirmäge, ekologiýa howpsuzlygy babatda alyjylaryň bähbidiniň goralmagyna gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler barada hasabat berdi....

MORE