Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.
2 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi.

2016-njy ýylyň 1-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Birleşen Milletler Guramasynyň halkara bilermeni Žoržetta Minku bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn duşuşygyň barşynda gümrük statistikasyny ýöretmekde milli kanunçylygyň aýratynlyklary, aýry-aýry gümrük düzgünlerinde gümrük statistikasynyň ýörediliş ugurlary, harytlaryň gümrük we statistiki bahasynyň emele gelşi, şeýle hem, gümrük kanunçylygynyň umumy ykrar edilen halkara kadalary bilen sazlaşygy ýaly meseleler barada özara pikir alşyldy.

MORE
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ylmy kömekçi komitetiniň mejlisi
19 Jan
Bütindünýä Gümrük Guramasynyň Ylmy kömekçi komitetiniň mejlisi

2016-njy ýylyň 11-16-njy ýanwary aralygynda Gümrük gullugyndan wekiller Belgiýa Patyşalygynyň Brýussel şäherinde, Bütindünýä Gümrük Guramasynyň (BGG) ştab-kwartirasynda geçirilen Ylmy kömekçi komitetiniň 31-nji mejlisiniň işine gatnaşdyrlar. Gün tertibine laýyklykda mejlisde harytlaryň käbir görnüşleriniň sazlaşdyrylan ulgam boýunça kodlaryň kesgitlenilişi barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.
16 Jan
Ýurdumyzyň deňiz ýollary arkaly ýük geçirijiligi artýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň aýratyn üns bermegi netijesinde Türkmenistanyň söwda we raýat flotunyň çalt depginler bilen üsti ýetirilýär. Gelip gowuşýan täze gämiler Hazar deňzinde yzygiderli ýolagçy gatnatmagy hem-de ýük daşamagy artdyrmakda işjeň ulanylýar.  2014-nji ýylyň dekabr we 2015-nji ýylyň dekabr aýlarynda Türkmenbaşynyň Halkara deňiz menziline degişlilikde «Berkarar» we «Bagtyýar» gämileri geldi. Bu döwrebap gämiler ýolagçylary gatnatmaga, ýük ulaglaryny we beýleki ulag serişdelerini daşamaga niýetlenendir. Täze «Bagt...

MORE
«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili» atly maslahat
15 Jan
«Sagdyn jemgyýet- bagtyýar durmuşyň kepili» atly maslahat

14-nji ýanwarda Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugynyň döredilen güni mynasybetli Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalaryndan, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan wekilleriň gatnaşmagynda «Sagdyn jemgyýet-bagtyýar durmuşyň kepili» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşan Gümrük gullugynyň wekili öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň sagdyn durmuş ýörelgesini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitländigini aýtmak bilen, ýurdumyzyň gümrük edaralary tarapyndan adamyň saglygy...

MORE
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk
9 Jan
Ýylyň jemi boýunça ýygnanyşyk

Şu gün Gullugyň başlygy polkownik D.Baýramow ýygnanyşyk geçirdi, onda geçen 2015-nji ýylda Gullugyň işiniň jemleri jemlendi, şeýle hem 2016-njy ýyl üçin ýerine ýetirilmeli wezipeler kesgitlendi. Gün tertibine laýyklykda Gümrükhanalaryň we degişli gümrük postlarynyň başlyklary ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi hakynda hasabat berdiler. Ýygnanyşykda 2015-nji ýylda gümrük edaralary tarapyndan saklanan gadagan edilen harytlary beýan edýän forosuratlaryň hem-de 2016-njy ýylyň 7-nji ýanwaryndan başlap işe girizilen Gullugyň internet saýtynyň täzelenen görnüşiniň görkezilişi boldy. Şeýle-d...

MORE