Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi
2 Mar
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 2-nji martynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň migrasiýa we serhet dolandyryşy boýunça hünärmeni Liwiýa Stip-Rekowska bilen duşuşyk geçirildi.  Myhmanyň aýtmagyna görä, iş saparyň maksady «Tehniki hyzmatdaşlyk we serhetleri dolandyrmak» çygrynda maksatnamanyň amala aşyrylyşy bilen bagly Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň işini seljermekden ybarat. Şunuň bilen baglylykda duşuşygyň barşynda serhetleri dolandyrmak boýunça işleri awtomatlaşdyrmagyň meseleleri we geçirilen çäreleriň ähmiýeti ara aly...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermeni bilen duşuşyk geçirildi
24 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Ýewropa Bileleşiginiň bilermeni bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 24-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistana iş sapary bilen gelen Latwiýa Respublikasynyň gümrük gullugynyň başlygynyň orunbasary, Ýewropa Bileleşiginiň bilermeni jenap Gennadiý Maşkow bilen duşuşyk geçirildi. Bu iş sapary Merkezi Aziýada serhetleri dolandyrmak boýunça maksatnamasynyň 9-njy tapgyrynyň    (BOMCA-9) çäklerinde amala aşyryldy. Myhmanyň belleýşi ýaly, iş saparynyň maksady serhetdäki gulluklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmek we ulag serişdeleriniň dürli görnüşleriniň barlagyny amala aşyrmagyň tejribesini we usulyýetini kämilleşdirmek...

MORE
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
13 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Paýhas çeşmesi» atly kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy

2016-njy ýylyň 13-nji fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hormatly Prezidentimiziň “Paýhas çeşmesi” atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy. Dabara Gullugyň merkezi edarasynyň, Aşgabat şäher we Ahal welaýat gümrükhanalarynyň şahsy düzümi, şeýle hem Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersitetiniň jemgyýeti öwreniş kafedrasynyň müdiri, professor, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň halk mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisiti Atajan Burunow we Türkmen Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy Amangeldi Orazow gatnaşdy. Bu çäre Mirasa s...

MORE
 Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi
10 Feb
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri bilen duşuşyk geçirildi

2016-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunynyň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek maksady bilen ýurdumyza gelen Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň bilermenleri Ian Graý, Bekir Keskinkiliç, Serkan Barsbaý we Toker Ergüder bilen duşuşuk geçirildi. Duşuşuykda  temmäki önümleriniň Türkmenistanyň gümrük serhediniň üstünden getirilmegi boýunça Türkmenistanyň kanunçylygynyň talaplarynyň berjaý edilişi, Türkmenistana getirilý...

MORE
Hasabat ýygnanyşygy
6 Feb
Hasabat ýygnanyşygy

2016-njy ýylyň 6-njy fewralynda Gullugyň başlygy polkownik D.Baýramow ýygnanyşyk geçirdi. Onda Gullukda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda alnyp barylan işler we ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabatlar diňlenildi we öňde duran wajyp meseleler boýunça degişli tabşyryklar berildi. Gün tertibine şeýle-de şahsy düzümiň arasynda tertip-düzgüni berkitmek, ahlaklylyk, halallyk, watansöýüjilik, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watançylyk sargytlary boýunça çykyşlar girizildi.  Ýygnanyşygyň barşynda 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda gümrük edaralary tarapyndan saklanan gadagan edilen haryt...

MORE
Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi
2 Feb
Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň mejlisi

2016-njy ýylyň 27-29-njy ýanwary aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ABŞ-nyň Söwda ministrliginiň Täjirçilik hukugynyň ösüş maksatnamasynyň (CLDP) ýardam etmeginde Gümrük meseleleri boýunça Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň işçi toparynyň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan we Owganystandan wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri gatnaşdy. Gün tertibine laýyklykda delegasiýalar gümrük işiniň bellenen ugurlary boýunça alnyp barylýan işler barada tanyşdyrdylar. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň taýýarla...

MORE