Customs Service News

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk
27 Jun
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda Aziýanyň ösüş bankynyň wekilleri bilen geçirilen duşuşyk

2016-njy ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Aziýanyň ösüş bankynyň maslahatçysy – maglumat tehnologiýalar boýunça hünärmeni Konstantin Naumow we söwda ýardam bermek boýunça bilermeni Jurabek Razzokow bilen duşuşdylar. Duşuşygyň barşynda  “CAREC maksatnamasynyň agza ýurtlarynda sebitleýin üstaşyr söwda ýardam bermek” atly sebitleýin tehniki kömek taslamasy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

MORE
Tejribe alyşmak boýunça maslahat
26 Jun
Tejribe alyşmak boýunça maslahat

Ýewropada we Merkezi Aziýada söwdanyň we bäsdeşlige ukyplylygyň meseleleri boýunça global tejribesi, Bütindünýä bankynyň Topary 2016-njy ýylyň    21-22-nji iýuny aralygynda Gruziýanyň Batumi şäherinde bilermenleriň arasynda tejribe alyşmak boýunça maslahaty geçirdi. Çärä Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň döwlet edaralaryndan 50-ä golaý wekiller, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugyndan S.Gylyçdurdyýew gatnaşdy.     Maslahatyň maksady söwda ýardam etmegiň çygrynda meseleler hakynda maglumat alyşmak üçin forumy döretmekden ybarat.       Gün tertibine laýyklykda, maslahata gatnaşyjylar G...

MORE
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen okuw maslahaty
24 Jun
Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewadaky ştab-kwartirasynda geçirilen okuw maslahaty

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri 2016-njy ýylyň 20-22-nji iýuny aralygynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Ženewa şäherinde iş saparynda boldular.  Iş saparynyň maksadyna laýyklykda olar Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany boýunça ykdysady we sosial komissiýasynyň gurnan gümrük maglumatlarynyň elektron dolanyşygyny höweslendirmek we elektron habaryň nusgasyny tassyklamak boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar.

MORE
Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy
20 Jun
Rigada geçirilen tanyşlyk okuwy

Aşgabat şäher gümrükhanasynyň gümrük gözegçiligi bölüminiň başlygy kapitan A.Amandurdyýew Latwiýa Respublikasynyň Riga şäherinde 2016-njy ýylyň 14-16-njy iýuny aralygynda geçirilen tanyşlyk okuwyna gatnaşdy. Bu okuwyň maksady BOMCA 9 Maksatnamasynyň çäklerinde serhedi dolandyrmak we serhet howpsuzlygy boýunça serhet edaralarynyň mümkinçiliklerini güýçlendirmek bolup durýar. Tanyşlyk okuwyň barşynda serhedi dolandyrmak babatda Ýewropa Bileleşiginiň öňdebaryjy iş tejribesi görkezildi.

MORE
Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak –harby özgertmeleriň möhüm ugry
18 Jun
Ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak –harby özgertmeleriň möhüm ugry

2016-njy ýylyň 18-nji iýunynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýan harby talyplaryň gutardyş dabaralary geçirildi. Şeýle çäreler Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby we Harby deňiz insitutlarynda, Serhet institutynda, Milli howpsuzlyk institutynda we Içeri işler ministrliginiň institutynda boldy. Asylly däbe görä, Watanymyza gulluk etmek ýaly mukaddes harby borja girişýän talyplaryň gutardyş dabaralary her ýylda paýtagtymyzyň Konstitusiýa binasynyň öňündäki meýdançada geçirilýär. Ol uly ruhubelentlige we ýokary dabarala beslenýär.  Milli Li...

MORE
Ikitaraplaýyn duşuşyk
15 Jun
Ikitaraplaýyn duşuşyk

2016-njy ýylyň 15-nji iýunynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi edarasynda BMG-niň ynsanperwerlik meselelerini utgaşdyryjy müdirliginiň Kawkaz, Merkezi Aziýa we Ukraina ýurtlary boýunça Sebitleýin edarasynyň ýolbaşçysy jenap Marsel Wassen hem-de şol edaranyň Gruziýa we Ermenistan döwletleri üçin tebigy betbagtçylyklary duýmak meseleleri boýunça milli maslahatçysy jenap Aşota Sargsýan bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň barşynda taraplar iri göwrümli adatdan daşary ýagdaýyň döwründe güýje giriziljek Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň arasyndaky Gümrük Ylalaşygyny işläp taýýar...

MORE