Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 7-nji maýynda çykaran № 250 buýrugy bilen tassyklanyldy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 17-nji maýynda 644 san bilen bellige alyndy.

Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama

(Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy tarapyndan 2013-nji ýylyň 16-njy iýulyndaky buýrugy esasynda girizilen üýtgetmeler bilen, Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2013-nji ýylyň 1-nji awgustynda 698 san bilen bellige alnan)


I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 154-159-njy maddalaryna laýyklykda taýýarlandy we daşary ýurt harytlaryny wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň we olara gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär.
2. Wagtlaýyn getirmek – daşary ýurt harytlarynyň kesgitlenilen möhletiň (wagtlaýyn getiriliş möhletiniň) dowamynda Türkmenistanyň gümrük çäginde gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly ýa-da şertli kem-käsleýin boşadylmagy bilen we bu harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklary we çäklendirmeleri ulanmazdan ulanylýan gümrük düzgüni.
3. Wagtlaýyn getirilen harytlar, daşamagyň (ulagly daşamagyň), saklamagyň we ulanmagyň kadaly şertlerindäki tebigy könelmäniň ýa-da tebigy azalmanyň netijesindäki üýtgemelerden başga ýagdaýlarda üýtgewsiz ýagdaýda galmalydyr.
4. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine, harytlar yzyna alnyp gidilen mahalynda gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylyp bilnen şertinde (reeksportda):

  • Türkmenistanyň gümrük çägine getirilen daşary yurt harytlary; 
  • Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan talaplar we şertler berjaý edilen mahalynda öň başga gümrük düzgünlerine ýerleşdirilen daşary ýurt harytlary ýerleşdirilip bilner.
  • Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilýän harytlaryň gümrük paçlaryny, salgytlary tölemekden şertli doly ýa-da şertli kem-käsleýin boşadylmagy Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.  

5. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine:
1) çalt könelýän we beýleki şuňa meňzeş ygtybarly kybaplanmagy mümkin bolmadyk harytlar (Sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin wagtlaýyn getirilen halatlar muňa degişli däldir);
2) elektrik, ýylylyk we beýleki görnüşdäki energiýalar (görkezilen harytlaryň kybaplanyp bolmaýandygyna görä);
3) azyk öňumleri, içgiler, şol sanda alkogolly içgiler we temmäki önümleri, senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary, derman serişdeleri, sarp edilýän harytlar (Sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin wagtlaýyn getirilen halatlar muňa degişli däldir);
4) suwuk ýa-da gaz halyndaky harytlar (Sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin agramy 3 kg köp bolmadyk mukdarda wagtlaýyn getirilen halatlar muňa degişli däldir);
5) senagat galyndylary (şol sanda radioaktiw, zäherli (awuly), zäherleýji);
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan mejbury çäre ulanylan, şeýle hem Türkmenistanyň çägine getirilmegine gadaganlyk we çäklendirmeler bellenen (çäklendirmeleriň berjaý edilmegini tassyklaýan zerur resminamalaryň berlen halatlary, ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler muňa degişli däldir) harytlar ýerleşdirilip bilinmez.
6. Harytlary wagtlaýyn getirmäge rugsat, iş çäginde harytlaryň ilkibaşda ulanylmagy göz öňünde tutulan we bellenen tertipde gümrük taýdan resmileşdirilmegi amala aşyrylýan gümrük edarasy tarapyndan berilýär.
Harytlar, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine laýyklykda resmileşdiren mahalynda, gümrük edarasy harytlary şertli goýbermegi amala aşyrýar.
7. Türkmenistanyň bir gümrük edarasynyň iş çäginde wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine laýyklykda goýberilen harytlar, harytlaryň ýerleşjek ýerini görkezmek bilen, şu Düzgünnamada bellenilen aýratynlyklar göz öňünde tutulyp, mälim edilen maksatlarda ulanmak üçin bu gümrük edarasy habardar edilip, Türkmenistanyň gümrük çägi boýunça geçirilip we Türkmenistanyň beýleki gümrük edaralarynyň iş çäginde ulanylyp bilner.
8. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirlen harytlar babatynda, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň hereketi, şol harytlaryň Türkmenistanyň çäginden yzyna alnyp gidilmegi ýa-da wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň bellenen tertipde başga gümrük düzgünine üýtgedilmegi bilen tamamlanýar. 

II. Harytlara wagtlaýyn getiriliş möhletleri bellemek we uzaltmak

9. Harytlary, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine laýyklykda resmileşdirýän gümrük edarasy tarapyndan, harytlaryň wagtlaýyn getiriliş möhleti, şeýle getirmekligiň maksatlaryny we ýagdaýlaryny nazara almak bilen, ýöne Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde kesgitlenen iki ýyldan köp bolmadyk möhlete bellenýär.
10. Wagtlaýyn getiriliş möhleti, eger harytlar:

1) «Uglewodorod serişdeleri hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda Nebit işlerini geçirmek üçin wagtlaýyn getirilýän bolsa - Nebit işlerini geçirmek üçin bellenilen möhlete;

2) Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 23-nji babyna laýyklykda gümrük artykmaçlyklaryndan, ýeňilliklerinden we (ýa-da) aýratyn goragdan peýdalanýan daşary ýurtly şahslar tarapyndan wagtlaýyn getirilýän bolsa - şol şahslar tarapyndan kesgitlenilýän möhlete;

3) Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde baglaşylan lizing şertnamasy esasynda wagtlaýyn getirilýän bolsa - lizing şertnamasynyň hereket edýän möhletine;

4) Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi esasynda önümçilik we önümçilik däl maksatly desgalary gurmak, düýpli abatlamak we olaryň durkuny täzelemek boýunça işleri amala aşyrmak üçin wagtlaýyn getirilýän bolsa - Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdinde bellenilen möhlete, bellenilip bilner.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy, şu bölümiň 1-4-nji bentlerinde görkezilen halatlardan başga ýagdaýlarda, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşmagy esasynda harytlaryň aýratyn görnüşleri üçin wagtlaýyn getirmegiň şu Düzgünnamanyň 9-njy bölüminde göz öňünde tutulandakydan has gysga ýa-da has dowamly aňryçäk möhletlerini belläp biler.
11. Gümrük edarasy wagtlaýyn getiriliş möhleti bellän mahalynda, harytlary wagtlaýyn getirmäge rugsat almak üçin ýüz tutan şahsyň (deklarantyň) soraýan möhletini, harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda yzyna alnyp gidilmek mümkinçiligini hem-de wagtlaýyn getiriliş möhletiň dowamynda harytlary ygtybarly kybaplamagy üpjün edip bolmaklygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutmalydyr.
12. Wagtlaýyn getirmegiň maksady we harytlary wagtlaýyn getirmäge soralýan möhlet, deklarant tarapyndan gümrük edarasyna degişli resminamalaryň berilmegi bilen tassyklanýar.
13. Harytlaryň, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde bolmagynyň maksatlaryny we möhletlerini tassyklamak üçin degişlilikde:

  • harytlary ulanmak bilen geçirilýän çäräniň meýilnamasy we maksatnamasy;
  • harytlaryň ulanylmagy bilen bagly synagyň, barlagyň, tejribäniň meýilnamasy we maksatnamasy;
  • hasaplar we beýleki täjirçilik resminamalary;
  • harytlaryň wagtlaýyn getirilmeginiň maksadyny we möhletini tassyklaýan beýleki resminamalar berlip bilner.

14. Eger harytlary wagtlaýyn getirmegiň möhleti aňryçäkden az bellenen bolsa, bu möhleti uzaltmagy, şeýle uzaltma ýeterlik esas bolanda we Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde bellenilen talaplar we şertler bozulmadyk bolsa, wagtlaýyn getirmäge rugsat alan şahsyň delillendirilen arzasy boýunça wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine laýyklykda harytlary resmileşdiren gümrük edarasy amala aşyrýar. Bu ýagdaýda harytlaryň wagtlaýyn getiriliş möhleti gümrük edarasy tarapyndan aňyrçäk möhlete çenli uzaldylyp bilner. 
Harytlaryň wagtlaýyn getiriliş möhletiniň uzaldylmagy barada berlen arzada:

  • wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlardan;
  • görkezilen gümrük düzgüninde gözegçilikde saklanyp, wagtlaýyn getiriliş möhleti uzaldylmaly harytlar;
  • Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilen harytlar (bar bolanda);
  • başga gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlar (bar bolanda) barada maglumatlar (harydyň ady, möçberi, tapawutlandyryş aýratynlyklary we ş.m.) görkezilmelidir.

15. Gümrük edarasy wagtlaýyn getirmek möhletiniň uzaltmakdan ýüz öwürip biler eger:
Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Düzgünnamada bellenen talaplar berjaý edilmeýän bolsa;
harytlary ygtybarly kybaplamak mümkinçiligi bolmasa;
harytlar babatynda kazyýet ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan mejbury çäreler kabul edilen bolsa (gozgalmasyz edilen, alnan mahalynda); we munuň üçin gümrük edarasynda ýeterlik esas bolsa.
16. Gümrük edarasy tarapyndan bellenen we wagtlaýyn getirmäge rugsatda görkezilen möhletiň çäginde harytlaryň wagtlaýyn gümrük düzgüninde bolmagynyň anyk dowamlylygyny wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine harytlary ýerleşdirmäge mälim eden şahs kesgitleýär.

III. Harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi hakynda borçnama

17. Deklarantyň, harytlary yzyna alyp gitmegi hakynda borçnamasy, şol harytlaryň, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi barada mälim edilmegi bilen ýüze çykýar. 
18. Harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi hakynda borçnama (mundan beýläk - borçnama) - gümrük edarasy tarapyndan bellenen wagtlaýyn getiriliş möhletde, wagtlaýyn getirilen harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmegi hakynda, deklarantyň ýazmaça borçnamasy.
Harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi hakynda borçnama deklarant tarapyndan berilmelidir.
19. Harytlar, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine mälim edilen mahalynda borçnama gümrük edarasyna berilýär. Borçnamanyň nusgasy şu Düzgünnamanyň goşundysynda getirilýär.
20. Borçnama, Türkmenistanyň gümrük çäginden harytlaryň hemmesiniň birwagtda ýa-da borçnama doly ýerine ýetirilýänçä aýratyn tapgyrlar boýunça alnyp gidilmegi bilen ýerine ýetirilip bilner.
21. Borçnamanyň hereketi harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden alnyp gidilmegi ýa-da Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bes edýär. 

IV. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine mälim edilýän harytlary gümrükde resmileşdirmek

22. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde harytlaryň bellenilen tertibe laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Gümrük  kodeksiniň 30-njy maddasynyň esasynda kesgitlenen ýerde we wagtda amala aşyrylýar.
23. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi üçin mälim edilýän harytlar gümrük edarasyna ýük gümrük deklarasiýasynyň berilmegi arkaly deklarirlenmäge degişlidir.
Deklarant ýük gümrük deklarasiýasy bilen bir wagtda şu resminamalary:

  • borçnamany;
  • wagtlaýyn getirilýän harytlar üçin harydyň ýany bilen iberilýän resminamalary;
  • eger wagtlaýyn getirilýän harytlar beýleki döwlet edaralarynyň gözegçiligine degişli bolsa, şol edaralaryň rugsat beriji resminamalary; we  
  • degişliligi boýunça Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 81-nji maddasynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalary gümrük edarasyna bermelidir. 

24. Wagtlaýyn getirmäge rugsat berilmeýär, eger:

  • berlen maglumatlar doly däl ýa-da ygtybarsyz bolsa;
  • Türkmenistanyň kanunçylygy we şu Düzgünnama bilen bellenilen talaplar berjaý edilmese;
  • munuň üçin gümrük edarasynda ýeterlik esas bolan beýleki halatlarynda. 

V. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlara gümrük gözegçiligi

25. Wagtlaýyn getirilen harytlara gümrük gözegçiligini olary wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde resmileşdiren gümrük edarasy amala aşyrýar.
26. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlar iş çäginde ýerleşýän (ulanylýan) gümrük edarasynyň wezipeli adamy wagtlaýyn getirmäge mälim edilen maksat üçin harytlaryň maksada laýyk ulanylyşyna gözegçilik geçirmäge haklydyr.
27. Wagtlaýyn getirilen harytlaryň kybaplaýyş serişdeleri diňe gümrük edaralary tarapyndan ýa-da olaryň rugsady bilen ýok edilip ýa-da üýtgedilip bilner, harytlaryň ýok edilmegine, ýitirilmegine ýa-da düýpli zaýalanmagyna hakyky howpuň bolan halatlary muňa degişli däldir. Kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilendigi, aýrylandygy, ýok edilendigi ýa-da zeper ýetirilendigi hakynda haýal etmän gümrük edarasyna habar berilýär we görkezilen howpuň bolmagynyň subutnamalary berilýär. Kybaplaýyş serişdeleriniň üýtgedilendigi, aýrylandygy, ýok edilendigi ýa-da çalşylandygy hakynda gümrük edarasy tarapyndan erkin görnüşde iki nusgada delilnama düzülýär. Delilnamanyň birinji nusgasy gümrük edarasynda saklanýar we onuň ikinji nusgasy wagtlaýyn getirmek gümrük dügünine harytlary ýerleşdiren şahsa berilýär.

VI. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň hereketi tamamlananda harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek 

28. Bellenilen wagtlaýyn getirmek möhletiniň dowamynda harytlar Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmelidir ýa-da wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda başga gümrük düzgünine üýtgedilmelidir (Gümrük kodeksine laýyklykda başga gümrük düzgünine mälim edilmelidir).
Wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüni harytlaryň erkin dolanyşyga goýberilmegi bilen tamamlanyp biler.
29. Bellenilen möhletlerde yzyna alnyp gidilmedik ýa-da başga gümrük düzgüninde mälim edilmedik wagtlaýyn getirilen harytlar Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda harytlaryň wagtlaýyn saklanylýan ammarlaryna ýerleşdirilmelidir. 
30. Bir ýük gümrük deklarasiýasy bilen wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilen harytlaryň yzyna alnyp gidilmegi birnäçe tapgyrda amala aşyrylyp bilner.
31. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde harytlary goýberen gümrük edarasyndan tapawutlylykda wagtlaýyn getirilen harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çäginden yzyna alnyp gidilmegini iş zolagynda şeýle harytlar ýerleşýän başga gümrük edarasy gümrük taýdan resmileşdirip biler. Iş zolagynda wagtlaýyn getirilen harytlar ýerleşýän gümrük edarasynyň bu harytlary gümrük taýdan resmileşdirmegi üçin, şol harytlary, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde goýberen gümrük edarasynyň (gümrükhananyň) ýazmaça rugsady bolmalydyr.
32. Yzyna alnyp gidilýän harytlar:

  • bellenilen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy;
  • harytlar, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüninde mälim edilende resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýasynyň nusgasy (asyl nusgasyny görkezmek bilen);
  • gümrük taýdan resmileşdirilendigi üçin gümrük tölegleri tölenendigi barada töleg resminamasy;
  • yzyna alnyp gidilýän harytlar üçin harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar; 
  • gümrük maksatlary üçin göz öňünde tutulan beýleki zerur resminamalar gümrük edarasyna berilende gümrük taýdan resmileşdirilýär.

33. Wagtlaýyn getirilen harytlar başga gümrük düzgüninde mälim edilen mahalynda olaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda mälim edilýän gümrük düzgünine harytlary ýerleşdirmek üçin bellenilen talaplar we şertler hem-de şu Düzgünnama bilen kesgitlenen aýratynlyklar göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar.  
34. Harytlaryň wagtlaýyn getirilmegini gümrük taýdan resmileşdiren gümrük edarasyndan başga bir gümrük edarasy wagtlaýyn getirilen harytlary mälim edilen başga gümrük düzgüninde resmileşdiren mahalynda, şeýle resmileşdirme tamamlanan gününiň yzyndan gelýän günden gijä galynman degişli maglumat harytlary wagtlaýyn getirmäge resmileşdiren gümrük edarasyna (gümrükhana) iberilýär.
35. Wagtlaýyn getirilen harytlar başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda, saýlanan gümrük düzgünine laýyklykda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan gümrük tölegler tölenmäge degişlidir.
36. Harytlar muzdsuz alnan ýagdaýynda, wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüni Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertibe laýyklykda tamamlanýar.

VII. Jemleýji düzgünler

37. Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy wagtlaýyn getirip bolmaýan harytlaryň toparyny kesgitlemäge haklydyr.
38. Wagtlaýyn getirmegiň gümrük düzgüninde ýerleşdirilen harytlar Türkmenistanyň çäginden yzyna alnyp gidilýänçä ýa-da bellenen tertipde başga gümrük düzgünine ýerleşdirilýänçä gümrük gözegçiliginde bolýar.
39. Wagtlaýyn getirilen harytlar bilen abatlamagy (düýpli abatlamakdan we kämilleşdirmekden başgasy), tehniki hyzmaty we harytlaryň sarp edijilik häsiýetlerini saklamak we harytlaryň wagtlaýyn getirmek gümrük düzgünine ýerleşdirilen günündäki ýagdaýynda saklanmagy üçin zerur bolan beýleki operasiýalary hem goşmak bilen, olaryň abatlygyny üpjün etmek üçin zerur bolan operasiýalary amala aşyrmaga ýol berilýär.
40. Eger harytlar heläkçilikli ýagdaýlar netijesinde ýa-da ýeňip geçip bolmajak güýjüň täsiri bilen ýok edilen, dolanuwsyz ýitirilen bolsa ýa ulanmagyň ýa-da saklamagyň kadaly şertlerinde adaty ýagdaýda hatardan çykmagynyň ýa-da agramynyň azalmagynyň täsiri bilen kem çykan bolsa, gümrük düzgünini mälim eden şahs borçnamanyň ýerine ýetirilmändigi baradaky jogapkärçilikden boşadylýar. Şonda ulanmagyň ýa-da saklamagyň şertleriniň kadaly bolandygyny subut etmek borjy görkezilen şahsyň üstüne ýüklenilýär.
41. Wagtlaýyn getirmek gümrük düzgüniniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmedik şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.