Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüni hakynda Düzgünnama

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygynyň 2012-nji ýylyň 13-nji iýunyndaky 330 belgili buýrugy bilen tassyklandy

Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2012-nji ýylyň 26-nji iýunynda 650 san bilen bellige alyndy.

Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüni hakynda düzgünnama


I. Umumy düzgünler

1. Şu Düzgünnama, Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 160-165-nji maddalaryna laýyklykda taýýarlandy we Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan harytlary wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirmegiň we olara gözegçilik etmegiň tertibini kesgitleýär.
2. Wagtlaýyn alyp gitmek - Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan harytlaryň, alnyp gidiliş gümrük paçlaryny tölemekden şertli doly boşadylyp hem-de harytlara Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen ykdysady häsiýetli gadaganlyklar we çäklendirmeler ulanylmazdan, Türkmenistanyň gümrük çäginiň daşynda wagtlaýyn ulanylyp bilinýän gümrük düzgüni.
3. Wagtlaýyn alnyp gidilen harytlar, daşamagyň (ulagly daşamagyň), saklamagyň ýa-da ulanmagyň kadaly şertlerindäki tebigy könelmäniň ýa-da tebigy azalmanyň netijesindäki üýtgemelerden başga ýagdaýlarda üýtgewsiz ýagdaýda galmalydyr.
4. Wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlar yzyna getirilen mahalynda gümrük edarasy tarapyndan kybaplanylyp bilnen şertinde, Türkmenistanyň gümrük çäginde erkin dolanyşykda bolan harytlary Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň talaplarynyň berjaý edilmegi bilen, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirip bolar.
Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirilýän harytlaryň alnyp gidiliş gümrük paçlaryny tölemekden şertli doly boşadylmagy Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda amala aşyrylýar.
5. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine:
1) çalt könelýän we beýleki şuňa meňzeş ygtybarly kybaplanmagy mümkin bolmadyk harytlar (sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin wagtlaýyn alnyp gidilen halatlar muňa degişli däldir);
2) elektrik, ýylylyk we beýleki görnüşdäki energiýalar (görkezilen harytlaryň kybaplanyp bolmaýandygyna görä);
3) azyk önümleri, içgiler, şol sanda alkogolly içgiler we temmäki önümleri, senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we temmäkiniň senagat çalşyryjylary, derman serişdeleri, sarp edilýän harytlar (sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin wagtlaýyn alnyp gidilen halatlar muňa degişli däldir);
4) suwuk ýa-da gaz halyndaky harytlar (sergileri geçirmek üçin görkeziş we mahabatlandyryş maksatlary üçin önümçilikde gaplanan, her biriniň agramy 3 kg köp bolmadyk mukdardaky gaplarda wagtlaýyn alnyp gidilen halatlar muňa degişli däldir);
5) senagat galyndylary (şol sanda radioaktiw, zäherli (awuly), zäherleýji);
6) Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda kazyýet ýa-da ygtyýarly döwlet edaralary tarapyndan mejbury çäre ulanylan; we beýleki halatlarda, haçanda munuň üçin gümrük edarasynda ýeterlik esas bolanda harytlar ýerleşdirilip bilinmez.
6. Harytlary wagtlaýyn alyp gitmäge rugsat, iş çäginde şeýle harytlar ýerleşýän we olaryň bellenen tertipde gümrük taýdan resmileşdirilmegi amala aşyrylýan gümrük edarasy tarapyndan berilýär.
7. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirlen harytlar babatynda, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüniniň hereketi, şol harytlaryň Türkmenistanyň çägine yzyna getirilmegi ýa-da wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüniniň bellenen tertipde başga gümrük düzgünine üýtgedilmegi bilen tamamlanýar.

II. Harytlaryň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletlerini bellemek we uzaltmak

8. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine laýyklykda harytlary resmileşdirýän gümrük edarasy, harytlaryň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletini, şeýle alyp gitmekligiň maksatlaryny we ýagdaýlaryny nazara almak bilen, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda belleýär.
9. Gümrük edarasy wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletini bellän mahalynda, harytlary wagtlaýyn alyp gitmäge rugsat almak üçin ýüz tutan şahsyň (deklarantyň) soraýan möhletini, harytlaryň üýtgewsiz ýagdaýda yzyna getirilmek mümkinçiligini hem-de wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletiniň dowamynda harytlary ygtybarly kybaplamagy üpjün edip bolmaklygynyň mümkinçiligini göz öňünde tutmalydyr.
Wagtlaýyn alyp gitmegiň maksady we harytlary wagtlaýyn alyp gitmäge soralýan möhlet, deklarant tarapyndan gümrük edarasyna degişli resminamalaryň berilmegi bilen tassyklanýar.
10. Harytlaryň, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüninde bolmagynyň maksatlaryny we möhletlerini tassyklamak üçin degişlilikde şu resminamalar berlip bilner:

  • harytlary ulanmak bilen geçirilýän çäräniň meýilnamasy we maksatnamasy;
  • harytlaryň ulanylmagy bilen bagly synagyň, barlagyň, tejribäniň meýilnamasy we maksatnamasy; 
  • hasaplar we beýleki täjirçilik resminamalary;
  • harytlaryň wagtlaýyn alnyp gidilmeginiň maksadyny we möhletini tassyklaýan beýleki resminamalar.

11. Harytlary wagtlaýyn alyp gitmegiň möhletini uzaltmagy, şeýle uzaltma ýeterlik esas bolanda we Türkmenistanyň Gümrük kodeksinde bellenilen talaplar we şertler bozulmadyk bolsa, wagtlaýyn alyp gitmäge rugsat alan şahsyň (deklarantyň) delillendirilen arzasy boýunça wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine laýyklykda harytlary resmileşdiren gümrük edarasy amala aşyrýar.
Harytlaryň wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletiniň uzaldylmagy baradaky berlen arzada şular görkezilmelidir:

  • wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine laýyklykda resmileşdirilen harytlardan:
  • görkezilen gümrük düzgüninde gözegçilikde saklanyp, wagtlaýyn alnyp gidiliş möhleti uzaldylmaly harytlar;
  • Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilen harytlar (bar bolanda);
  • başga gümrük düzgüninde resmileşdirilen harytlar (bar bolanda) barada maglumatlar (harydyň ady, sany, agramy, tapawutlandyryş aýratynlyklary we ş.m.).

12. Gümrük edarasy wagtlaýyn alyp gitmek möhletini uzaltmak şu aşakdaky ýagdaýlarda ýüz öwrüp biler:

  • Türkmenistanyň kanunçylygynda we şu Düzgünnamada bellenen talaplar berjaý edilmeýän bolsa;
  • harytlary ygtybarly kybaplamak mümkinçiligi bolmasa;
  • munuň üçin gümrük edarasynda ýeterlik esas bar bolsa.

13. Gümrük edarasy tarapyndan bellenen we wagtlaýyn alyp gitmäge rugsatda görkezilen möhletiň çäginde harytlaryň wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüninde bolmagynyň anyk dowamlylygyny wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine harytlary ýerleşdirmäge mälim eden şahs kesgitleýär.

III. Harytlaryň yzyna getirilmegi hakynda borçnama

14. Deklarantyň, harytlary yzyna getirmegi hakynda borçnamasy, şol harytlaryň, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi barada mälim edilmegi bilen ýüze çykýar.
15. Harytlaryň yzyna getirilmegi hakynda borçnama (mundan beýläk -borçnama) - gümrük edarasy tarapyndan bellenen wagtlaýyn alnyp gidiliş möhletde, wagtlaýyn alnyp gidilen harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilmegi hakynda, deklarantyň ýazmaça borçnamasydyr.
Harytlaryň yzyna getirilmegi hakynda borçnama deklarant tarapyndan berilmelidir.
16. Harytlar, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine mälim edilen mahalynda borçnama gümrük edarasyna berilýär. Borçnamanyň nusgasy şu Düzgünnamanyň goşundysynda getirildi.
17. Borçnama, Türkmenistanyň gümrük çägine harytlaryň hemmesiniň birwagtda ýa-da borçnama doly ýerine ýetirilýänçä aýratyn tapgyrlar boýunça getirilmegi bilen ýerine ýetirilip bilner.
18. Borçnamanyň hereketi, harytlaryň Türkmenistanyň gümrük çägine getirilmegi ýa-da Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan başga gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi bilen bes edýär.

IV. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine mälim edilen harytlary gümrükde resmileşdirmek

19. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüninde harytlaryň bellenilen tertibe laýyklykda gümrük taýdan resmileşdirilmegi Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 30-njy maddasynyň esasynda kesgitlenen ýerde we wagtda amala aşyrylýar.
20. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgünine ýerleşdirilmegi üçin mälim edilýän harytlar gümrük edarasyna ýük gümrük deklarasiýasynyň berilmegi arkaly deklarirlenmäge degişlidir.
Deklarant ýük gümrük deklarasiýasy bilen bir wagtda şu resminamalary:

  • borçnamany;
  • wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlar üçin harydyň ýany bilen iberilýän resminamalary;
  • eger wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlar beýleki döwlet edaralarynyň gözegçiligine degişli bolsa, şol edaralaryň rugsat beriji resminamalary; we degişliligi boýunça Türkmenistanyň Gümrük kodeksiniň 81-nji maddasynda göz öňünde tutulan beýleki resminamalary gümrük edarasyna bermelidir.

21. Wagtlaýyn alyp gitmäge rugsat berilmeýär, eger-de:

  • berlen maglumatlar doly däl ýa-da ygtybarsyz bolsa;
  • Türkmenistanyň kanunçylygy we şu Düzgünnama bilen bellenilen talaplar berjaý edilmese;
  • munuň üçin gümrük edarasynda ýeterlik esas bolan beýleki halatlarynda.

22. Wagtlaýyn alnyp gidilen harytlara gümrük gözegçiligini olary wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüninde resmileşdiren gümrük edarasy amala aşyrýar.

V. Wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüniniň hereketi tamamlananda harytlary gümrük taýdan resmileşdirmek

23. Bellenilen wagtlaýyn alyp gitmek möhletiniň dowamynda harytlar Türkmenistanyň gümrük çägine yzyna getirilmelidir ýa-da wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüni Türkmenistanyň gümrük kanunçylygyna laýyklykda başga gümrük düzgünine üýtgedilmelidir (Türkmenistanyň Gümrük kodeksine laýyklykda başga gümrük düzgüninde mälim edilmelidir).
24. Türkmenistanyň gümrük kodeksinde göz öňünde tutulan şertler we talaplar berjaý edilen mahalynda, wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgünini eksport gümrük düzgünine üýtgetmäge rugsat berilýär, wagtlaýyn alnyp gidilýän harytlaryň Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda Türkmenistanyň gümrük çägine hökmany suratda yzyna getirilmäge degişli bolan halatlary muňa degişli däldir.
25. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň eksport gümrük düzgünine üýtgedilmegine harytlar gümrük edarasyna görkezilmezden ýol berilýär.
26. Yzyna getirilen harytlar:

  • bellenilen tertipde doldurylan ýük gümrük deklarasiýasy;
  • harytlar, wagtlaýyn alyp gitmek gümrük düzgüninde mälim edilende resmileşdirilen ýük gümrük deklarasiýasynyň nusgasy (asyl nusgasyny görkezmek bilen);
  • gümrük taýdan resmileşdirilendigi üçin gümrük tölegleri tölenendigi barada töleg resminamasy;
  • yzyna getirilen harytlar üçin harydyň ýany bilen iberilýän resminamalar;
  • gümrük maksatlary üçin göz öňünde tutulan beýleki zerur resminamalar gümrük edarasyna berilende gümrük taýdan resmileşdirilýär.

Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüni astynda ýerleşdirilen harytlar yzyna getirilen mahaly gümrük gözegçiligi we resmileşdirmesi harytlary wagtlaýyn alyp gitmegi resmileşdiren gümrük edarasy ýa bolmasa Türkmenistanyň başga bir gümrük edarasy tarapyndan, şol harytlary wagtlaýyn alyp gitmegi resmileşdiren Türkmenistanyň gümrük edarasynyň (gümrükhananyň) ýazmaça rugsady bilen amala aşyrylýar.
27. Wagtlaýyn alnyp gidilen harytlar başga gümrük düzgüninde mälim edilen mahalynda olaryň gümrük taýdan resmileşdirilmegi, Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda mälim edilýän gümrük düzgünine harytlary ýerleşdirmek üçin bellenilen talaplar we şertler hem-de şu Düzgünnama bilen kesgitlenen aýratynlyklar göz öňünde tutulyp amala aşyrylýar.
28. Wagtlaýyn alnyp gidilen harytlar başga gümrük düzgünine ýerleşdirilen mahalynda, saýlanan gümrük düzgünine laýyklykda Türkmenistanyň gümrük kanunçylygynda göz öňünde tutulan gümrük tölegleri tölenilmäge degişlidir.
29. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüninde ýerleşdirilen harytlar Türkmenistanyň çägine yzyna gaýtarylyp getirilýänçä ýa-da bellenen tertipde başga gümrük düzgünine ýerleşdirilýänçä gümrük gözegçiliginde bolýar.
30. Wagtlaýyn alyp gitmegiň gümrük düzgüniniň talaplaryny we şertlerini berjaý etmedik şahs Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda jogapkärçilik çekýär.