Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda alnyp barylýan işleriň barşyna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatda işleriň ýagdaýy, bugdaý ekişine başlamaga taýýarlyk görlüşi, hususan-da, ýerleri ekişe taýýarlamak, ekişi agrotehniki möhletlerde, ýokary hilli geçirmek üçin alnyp barylýan işler, zerur tohumlaryň, tehnikalaryň we gurallaryň, mineral dökünleriň ekişe taýýarlanylyşy barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki möhletlerde ýerine ýetirilýär. Şunuň bilen baglylykda, pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, hususan-da, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlanylyşy barada aýdyldy.

Güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň ýagdaýy, täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda badalga beriljek, geljekki hasylyň düýbüni tutjak bugdaý ekişini guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz möwsümiň degişli derejede hem-de agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegi üçin ýerleriň ekişe taýýarlanylmagyna, bugdaý öndürijileriň zerur bolan ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün edilmegine, ähli ekiji gurallaryň, oba hojalyk tehnikalarynyň bugdaý ekişine doly taýýarlygyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň möhümdigini nygtap, bu işleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz pagta ýygymyna görülýän taýýarlyk işlerine hem möhüm ähmiýet berilmelidigini belläp, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlygyny üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi.

Oba hojalyk önümçiliginiň esasy ugurlarynyň biriniň güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ekinlere idegiň talabalaýyk geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň bellenen möhletinde we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow täze okuw ýyly, täze bilim edaralarynyň açylmagy mynasybetli çäreleriň dabaraly we ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini aýtdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işlerine — bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi, şol sanda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin niýetlenen ýerlerde sürüm we tekizlemek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, zerur möçberde tohumlar, tehnikalar we gurallar, mineral dökünler ekişe taýýar edildi.

Şular bilen birlikde, welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegi üçin hemme zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk derejesi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýat boýunça gant şugundyry ýetişdirilýän meýdanlarda hem ideg işleri — hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak işleri agrotehnikanyň kadalaryna laýyk derejede geçirilýär.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 31 ýyllygy belleniljek sentýabr aýynda ähmiýetli işleriň garaşylýandygy barada aýdylyp, munuň, esasan, welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalar bilen baglanyşyklydygyna üns çekildi. Şol desgalarda işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy barada giňişleýin hasabat berildi.

Häkim 1-nji sentýabrda täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada habar berip, bu ugurda bellenen çäreleriň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň degişli derejede guralmagyny tabşyryp, geçiriljek işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi. Şeýle-de gallaçy kärendeçileri ýokary hilli tohumlar, mineral dökünler bilen üpjün etmek, oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine doly taýýarlamak barada tabşyryk berildi.

Döwlet Baştutanymyz gymmatly tehniki ekin hasaplanýan gowaçanyň ösdürilip ýetişdirilmegi baradaky meselä ünsi çekip, welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Pagta ýygymyna ýokary derejede we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir. Kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar, beýleki tehnikalar möwsüme doly taýýar edilmelidir. Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky häzirki işleriň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, şol wezipeleriň doly ýerine ýetirilişini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz täze okuw ýylyna guramaçylykly başlamagyň hem-de Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň ýakynda badalga beriljek güýzlük bugdaý ekişine hem-de täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi baradaky hasabaty bilen dowam etdi. Hasabatyň dowamynda oba hojalyk önümçiliginiň beýleki bir wajyp ugry bolan pagtany ösdürip ýetişdirmek bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada aýdylyp, pagta ýygymyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme taýýarlamak boýunça degişli çäreleriň görülýändigi barada habar berildi.

Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk geçirilýär. Häkim şu günler ideg etmek işleriniň welaýatyň şaly meýdanlarynda-da depginli dowam edýändigi barada hasabat berdi.

Sentýabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli bildirýän talaplaryna laýyklykda, öz wagtynda, bellenen möhletinde tamamlanmagyny üpjün etmek ugrunda hemme zerur tagallalar edilýär. Ýakynlaşyp gelen täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada hem hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň ýokary hilli we öz wagtynda geçirilmeginiň geljekki hasylyň girewidigini belläp, häkime öňde durýan işleriň ýokary depginini üpjün etmegi, şonuň ýaly-da, bar bolan serişdeleri, oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, ýerleriň hasyllylygyny hem-de agrotehniki çäreleriň netijeliligini ýokarlandyrmak babatdaky işlere ylmy taýdan çemeleşmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz “ak altyn” ösdürip ýetişdirmek ugrunda öňde goýlan wezipeleri doly ýerine ýetirmäge gönükdirilen işleriň ähmiýeti barada aýdyp, bu meseläni berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşiniň ýokary derejesi üpjün edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz güýzlük ýeralmanyň, gök we beýleki oba hojalyk ekinleriniň ösdürilip ýetişdirilmegi baradaky meselä ünsi çekip, bu ekinlerden ýokary hasyl almak üçin bellenen wezipeleri ýerine ýetirmek ugrunda häzirki wagtda alnyp barylýan ideg işleriniň talabalaýyk geçirilişine yzygiderli gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk senesi belleniljek sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda işleriň alnyp barlyşyna gözegçiligiň gowşadylmaly däldigi barada tabşyryk berdi. Hormatly Prezidentimiz täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleri, şol sanda täze mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralaryny ýokary derejede we baýramçylyk ruhunda geçirmegi tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitde alnyp barylýan işler, hususan-da, ýakyn günlerde badalga beriljek bugdaý ekişine guramaçylykly girişmek we ýerleri ekişe taýýarlamak, bu jogapkärli möwsümi agrotehniki möhletlerde ýokary hilli geçirmek, kärendeçi gallaçylary zerur bolan möçberdäki tohumlar we gurallar, mineral dökünler bilen üpjün etmek boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şu işler bilen bir hatarda, pagta ýygymyna degişli derejede taýýarlyk görülýär, pagta arassalaýjy kärhanalary, kabul ediş harmanhanalaryny, kombaýnlary we beýleki tehnikalary möwsüme doly taýýarlamak üçin zerur çäreler görülýär. Güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg etmek işleri hem talabalaýyk ýerine ýetirilýär. Şol bir wagtda şaly meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde öňümizdäki aýda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky işleriň häzirki ýagdaýy barada hem habar berildi. Häkim täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli dabaralary ýokary derejede geçirmäge görülýän taýýarlyk barada durup geçdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň oba hojalyk pudagynyň öňünde durýan wezipeleri çözmäge ünsi çekip, 2-nji sentýabrda badalga beriljek bugdaý ekişini agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirmegiň möhümdigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň wajypdygyny nygtap, bu işleri gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýtdy hem-de pagta ýygymy möwsümine taýýarlygy üpjün etmek barada degişli görkezmeleri berdi. Oba hojalyk önümçiliginiň esasy ugurlarynyň biriniň güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmekden ybaratdygyna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz bu ekinlere ideg işleriniň talabalaýyk geçirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda alnyp barylýan işleriň bellenen möhletinde we ýokary hilli tamamlanmagyny üpjün etmegiň zerurdygyny aýdyp, bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.

Täze okuw ýylyna guramaçylykly başlanmagy mynasybetli eziz Diýarymyzyň obalarynda we şäherlerinde täze orta mekdepleriniňdir çagalar baglarynyň açylmagyna bagyşlanan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew möwsümleýin oba hojalyk işlerine — bugdaý ekişine taýýarlyk görlüşi, şol sanda geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak üçin niýetlenen ýerlerde sürüm we tekizlemek işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, häkim pagta ýygymyna taýýarlyk görlüşi, pagta arassalaýjy kärhanalaryň, kabul ediş harmanhanalarynyň, kombaýnlaryň we beýleki tehnikalaryň möwsüme taýýarlyk derejesi barada habar berdi. Mundan başga-da, güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Welaýat boýunça gant şugundyry ýetişdirilýän meýdanlarda-da ideg işleri degişli derejede geçirilýär.

Sentýabr aýynda welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän hem-de Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramyna bagyşlanan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda işleriň häzirki ýagdaýynyň barşy barada giňişleýin hasabat berildi. Häkim täze okuw ýylyna taýýarlyk görlüşi barada-da durup geçip, bu ugurda bellenen çäreleriň guramaçylyk derejesini üpjün etmek üçin zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, güýzlük bugdaý ekişiniň degişli derejede guralmagyny tabşyryp, häkime geçiriljek işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça birnäçe görkezmeleri berdi. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki möhletlerde geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Pagta ýygymyna ýokary derejede we hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidir. Pagta arassalaýjy kärhanalar, kabul ediş harmanhanalary, kombaýnlar we beýleki tehnikalar möwsüme doly taýýar edilmelidir. Şeýle-de güýzlük ýeralma, gök we beýleki oba hojalyk ekinlerine ideg işleriniň talabalaýyk geçirilişini berk gözegçilikde saklamak tabşyryldy.

Hormatly Prezidentimiz sentýabr aýynda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky häzirki işleriň möhüm wezipeleriň hatarynda durýandygyny belläp, şol wezipeleriň doly ýerine ýetirilişini üpjün etmek barada degişli tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyz Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiriljek täze mekdepleriň, çagalar baglarynyň açylyşynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň möhümdigini aýdyp, häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradow gözegçilik edýän oba hojalyk ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň ak pata bermegi bilen, şu ýylyň 2-nji sentýabrynda ýurdumyzyň welaýatlarynda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine başlamak boýunça zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Wise-premýer şu günler pagtaçy daýhanlaryň “ak altynyň” ýygym möwsümine taýýarlyk işlerini alyp barýandygyny habar berdi.

Hasabatyň çäklerinde ekerançylyk meýdanlarynyň suw üpjünçiligini gowulandyrmak boýunça möhüm çäreleriň geçirilýändigi barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk işlerini degişli derejede guramak, agrotehnikanyň kadalaryny berjaý etmek, güýzlük bugdaý ekişini hem-de pagta ýygymy möwsümini zerur tehniki serişdeler bilen doly üpjün etmek bilen bagly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamak barada wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, giçki ýeralmanyň, beýleki gök we miwe önümleriniň ýokary hasylyny almak üçin olara ideg edilişiniň hilini ýokarlandyrmak zerurdyr. Bu meseleleriň ählisi hemişe üns merkezinde bolmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz öňde jogapkärli wezipeleriň durýandygyny aýdyp, wise-premýeriň ünsüni Watanymyzyň ýyl ýazgysyndaky şöhratly senä — mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllyk baýramçylygyna çekdi. Şanly senä zähmet sowgatlary bilen barmak halkymyzyň asylly däbidir. Şu maksat bilen, edermen gallaçylarymyz we pagtaçylarymyz şu günler tutanýerli zähmet çekýärler. Şoňa görä-de, bugdaý ekişine girişmek we gowaça ideg etmek hem-de bereketli hasyl almak möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda kesgitlenen ähli wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi  wajypdyr diýip belledi. Munuň özi ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan şanly senäniň mynasyp garşylanmagynda aýratyn zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz wise-premýeriň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň kesgitlenen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşmekleriniň ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmeginde, halkymyzyň abadançylygynyň berkidilmeginde möhüm orun eýeleýändigini belledi we bu babatda iş maslahatyna gatnaşanlara anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçiren iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň hem-de mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmegiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.