Habar

2022-nji ýylyň 24-nji maýynda Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri " Schmitt & Orlov Intellectual Property" halkara kompaniýasynyň guramagynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly  geçirilen "Intellektual eýeçilik hukuklaryny goramak" boýunça okuw maslahatyna gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň dowamynda, gümrük serhedinden geçirilýän galp harytlary ýüze çykarmagyň usullary, harytlaryň hakykylygynyň aýratyn tapawutlary barada çykyşlar diňlenildi, şeýle hem belli-belli söwda nyşanlarynyň mysalynda awtorlyk hukugynyň eýeleriniň intellektual hukuklaryny goramagyň tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Ýokarda ady agzalan kompaniýanyň wekilleri, bu kompaniýanyň gyzyklanma bildirýän intellektual eýeçilik hukugyna eýe bolan taraplaryň söwda nyşanlary barada hem giňişleýin maglumat berdiler.

Okuw maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylar şeýle çäreleriň harytlaryň bikanun söwdasyna garşy göreşi guramakda möhüm ornuny bellediler.