Habar

2022-nji ýylyň 5-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleriniň Gruziýaly kärdeşleri bilen «Bir penjire» ulgamyny ornaşdyrmakda tejribe alyşmak boýunça wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlangyjy esasynda guraldy.

Türkmen tarapynyň Bir penjire ulgamyny ornaşdyrmak boýunça Gruziýa döwletiniň tejribesine bolan gyzyklanmasy, bu döwletiň gümrük amallaryny awtomatlaşdyrmakda we sanlylaşdyrmakda gazanan netijeleri hem-de onuň «Bir penjire» ulgamyny üstünlikli durmuşa geçiren ýurtlaryň hatarynda ilkinji orunlary eýeleýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Häzirki wagtda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän «Eksport-import amallary üçin bir penjire» taslamasynyň utgaşdyryjy edarasy hökmünde çykyş edýän Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy üçin bu ulgamy ornaşdyrmakda halkara öňdebaryjy tejribäni öwrenmek örän möhümdir.

Duşuşygyň barşynda «Bir penjire» ulgamynyň işi, bu ulgam arkaly gümrük taýdan resmileşdirme işleriniň guralyşy, hödürlenilýän hyzmatlar barada hem-de beýleki degişli soraglar ara alnyp maslahatlaşyldy.   Gruziýaly kärdeşler bular boýunça taýýarlanan prezentasiýalary we degişli materiallar bilen paýlaşdylar.

Iş duşuşygynyň ahyrynda taraplar özara tejribe alyşmagyň ähmiýetini belläp, şeýle duşuşyklaryň geljekde-de gurnalyp durulmagyna we ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine ynam bildirdiler.