Habar

Döwlet tarapyndan hususy eýeçiligi ösdürmegiň we goldamagyň hukuk binýadynyň hem-de innowasion tehnologiýalara esaslanýan hojalyk ulgamynyň döredilmegi netijesinde eksporta gönükdirilen we importy çalyşýan önümçilikler giňden ösdürilip başlandy. Bu özgertmeler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem hereket edýän hususy kärhanalardyr işewürleriň ilaty azyklyk hem-de beýleki zerur bolan önümler bilen üpjün etmekleri üçin mümkinçiliklerini has giňeltdi. Önümleriň bolçulygynyň döremegi bilen eksport ugry çalt depginlerde ösüp başlady. Hususyýetçileriň innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öndürýän ýokary hilli ekologiýa taýdan arassa önümleri dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplydygyny görkezýär. 

Häzirki wagtda lebaply işewürler dünýä bazarlaryna ynamly we işjeň aralaşýarlar.  Dürli önümleriň, şol sanda azyklyk önümleriň daşary ýurtlara eksporty yzygiderli artýar. Eksporta iberilýän önümleriň arasynda pomidora aýratyn uly ornuň berilýändigini ýyladyşhanalar toplumynyň ösdürilmegine berilýän ünsüň artmagy bilen düşündirip bolar. Diňe bir geçen ýylda 4974 tonna tonna pomidor daşary ýurtlara eksporta iberildi. Şu günlerde welaýatyň ýyladyşhanalarynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk toýuny mynasyp sowgatly garşylamak üçin tutanýerli zähmet çekýärler.  

“Türkmenistan ― parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda pomidoryň eksporty has-da artýar. Ýylyň başyndan şu günlere çenli pomidoryň eýýäm 4700 tonnadan gowragy Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly döwletlere iberildi. Geçen ýylyň başyndan şu günlere çenli örän ýokumly hasap edilýän mäşiň 7 müň, noýbanyň 215 tonnasyndan gowragynyň Birleşen Arap Emirlikleri, Owganystan, Pakistan ýaly ýurtlara iberilmegi bolsa daşarky bazarda türkmen topragynda önýän önümlere gyzyklanmanyň ösýändigine şaýatlyk edýär. Bulardan başga-da künji, käşir, noýba ýaly azyk önümleri hem eksport edilýär.

Telekeçiler daşary ýurtly işewürler bilen ykdysady gatnaşyklary berkitmekde şowly ädimleri ädýärler. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzda telekeçiligi mundan beýläk-de ösdürmek üçin edýän tagallalary, döwletimiziň berýän köptaraplaýyn goldawy, maýa goýum işini höweslendirýän has amatly işewürlik ýagdaýyny döretmäge ýardam berýän şertleriň giňemegi hususyýetçileri ruhubelent zähmet çekmäge höweslendirýär. Welaýatda baý iş tejribelerini toplan “Altyn bürgüt”, “Altyn gül” ýaly hususy kärhanalaryň, “Ahmet-Haýdar”, “Bäşnur” ýaly hojalyk jemgyýetleriniň onlarçasynyň döwrebap ýyladyşhanalar toplumlarynda ýetişdiren pomidorlary daşary ýurtlarda uly islegden peýdalanýar. Pomidor we aralyk ekinlerden bol hasyl ýetişdirip, toprakda ýylyň dowamynda iki-üç ekin ekip, hasyl ýygnamagy başarýan lebaply telekeçileriň uly topary eksport ugrunyň ösmegine uly goşant goşýar. Eksporta iberilýän önümleri salgysyna gowşurmakda welaýatyň awtoulag kärhanalarynyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary işewürler üçin has-da bähbitli bolýar. 

Lebaply telekeçileriň 4000-e golaýy Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasydyr. Olar diňe bir welaýatyň däl, tutuş ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine, azyklyk önümleriň bolçulygynyň döremegine, şeýle hem önümleriň eksportunyň artmagyna saldamly goşant goşýarlar.