Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Ýazmyradowyň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy, Oba milli maksatnamasynda bellenilen wezipeleri durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Döwlet Baştutanymyz, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Ol şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaýdan boşan meýdanlary ekişe taýýarlamak boýunça ýaýbaňlandyrylan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, ekin meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berler.

Şu günler welaýatyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk dowam etdirilýär. Şunuň bilen birlikde, ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen ýeralma, gök, bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk alnyp barylýar. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, ýurdumyzyň bazarlarynda önüm bolçulygynyň üpjün edilmeginde uly ähmiýete eýedir.

Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýygnalyp alnan gallany degişli derejede saklamak, gaýtadan işlemek bilen baglanyşykly meseleleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde gowaça ideg etmegiň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagy häzirki döwrüň möhüm talaby bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz bugdaýdan boşan meýdanlary ekiş möwsümine talabalaýyk derejede taýýarlamak, welaýatyň çäklerinde ýer we suw serişdelerini rejeli peýdalanmak, suw howdanlaryny, akabalary arassa saklamak, ýetişdirilen gök, bakja, beýleki ekinleriň hasylyny öz wagtynda ýygnamak hem-de olary terligine bazarlara ugratmak meselelerine jogapkärçilikli çemeleşilmelidigini belledi we bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjün edilmegi möhüm talap bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda, şol sanda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny mundan beýläk-de berk gözegçilikde saklamagyň zerurdygyna ünsi çekip, häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekin meýdanlarynda geçirilýän möwsümleýin işler, galla oragynyň netijeleri, ýygnalan hasylyň saklanylyşy we gaýtadan işlenilişi barada hasabat berdi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň derejesi, ýetişdirilen ýeralma, gök we bakja önümlerini öz wagtynda ýygnap almak boýunça alnyp barylýan işler baradaky maglumatlar hasabatyň özenini düzdi.

Şu günler bugdaýdan boşan ýerleri ekişe taýýarlamak, topragy gurplandyrmak meselelerine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, häkim döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, gant şugundyrynyň ekilen meýdanlarynda ideg işlerini talabalaýyk ýola goýmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada aýtdy. Şol bir wagtyň özünde sebitde ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilýär.

Häkim şu günler welaýatyň çäklerinde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy, şu ýyl ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň depginleri, binalary öz wagtynda we ýokary hil derejesinde ulanmaga bermek boýunça edilýän hemmetaraplaýyn tagallalar barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan ähli möwsümleýin işleriň, şol sanda gowaça, gant şugundyryna edilýän ideg işleriniň häzirki zaman talaplaryna we agrotehniki kadalara doly laýyk gelmelidigine ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz pagtanyň, şol sanda beýleki ekinleriň, aýratyn-da, şugundyryň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň häzirki döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu işleriň ýokary guramaçylyk derejesinde ýola goýulmagyna jogapkärçilikli, toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şunuň bilen birlikde, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we beýleki taýýarlyk işleriniň agrotehniki talaplara laýyk ýerine ýetirilmegine, şol sanda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm ähmiýet berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz häzirki dynç alyş möwsüminiň dowam edýän günlerinde Hazaryň kenarynda, aýratyn-da, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş düzümine degişli işleriň, şol sanda hyzmatlar ulgamynyň döwrebap derejede ýola goýulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belledi we häkime degişli görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde, ýokary hil derejesinde ulanmaga berilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow sebitde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, gallany elewatorlara we ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek, şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleriniň geçirilişi, gowaça meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn ideg işleri barada hasabat berdi.

Welaýatda ýetişdirilen ýeralmany, gök, bakja, beýleki oba hojalyk önümlerini ýitgisiz ýygnap almak işleriniň netijeleri, şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleri barada hem hasabat berildi. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligi hemişe gözegçilikde saklanylýar. Şeýle-de welaýatda dürli maksatly desgalaryň gurluşygynyň barşy barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatda kabul edilen gallany elewatorlara daşamak hem-de ýerleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi. Orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan sürüm we tekizlemek işleriniň agrotehniki talaplara laýyk gelmegi wajypdyr. Döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda ideg işleri bilen bir hatarda, zyýankeşlere we kesellere garşy çäreleriň öz wagtynda geçirilmelidigini, ýetişdirilen ýeralmany, gök, bakja, beýleki ekinleri ýitgisiz ýygnamak, şol bir wagtyň özünde ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçilik meselelerini gözegçilikde saklamak babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda gurluşygy alnyp barylýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olary bellenen möhletlerde ulanmaga bermek meseleleriniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy, hususan-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak we gaýtadan işlemek, orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Häkim şu günler sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny öz wagtynda, ýitgisiz ýygnap almak hem-de bazarlarda önüm bolçulygyny üpjün etmäge mynasyp goşant goşmak ugrunda amala aşyrylýan toplumlaýyn işler, şaly ekilen meýdanlarda ýaýbaňlandyrylan ideg işleri barada hasabat berdi. Şunda ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine zerur üns berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyryklaryna laýyklykda, welaýatda bellenilen möhletlerde ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň gurluşyk işleriniň ýokary hilini üpjün etmek boýunça degişli işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, kabul edilen gallany elewatorlara we ammarlara daşamak hem-de ýerleşdirmek işleriniň talabalaýyk guralmalydygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işleri agrotehniki talaplara laýyk derejede ýola goýulmalydyr. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine zerur üns berilmelidir.

Döwlet Baştutanymyz gowaça we şaly ekilen meýdanlarda alnyp barylýan ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyk derejede ýola goýulmagynyň möhüm talap bolup durýandygyny belläp, bu babatda häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Welaýatda daýhan yhlasy bilen ösdürilip ýetişdirilen ýeralmanyň, gök we bakja ekinleriniň hasylyny öz wagtynda hem-de ýitgisiz ýygnap almak, olary sarp edijilere ýetirmek meselelerine zerur üns berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow welaýatda şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen dürli maksatly desgalaryň, aýratyn-da, ýaşaýyş jaý toplumlarynyň gurluşyk işlerinde ýokary hil derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi hem-de bu babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, bugdaý oragynyň netijeleri, ýygnalan gallany saklamak, ýerleşdirmek, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini talabalaýyk geçirmek, bugdaýy daşamak we gaýtadan işlemek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyk guralýar. Şunuň bilen bir wagtda, ýetişdirilen ýeralmany, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnap almak işleri talabalaýyk berjaý edilýär. Sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine möhüm üns berilýär.

Häkim hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy, olaryň depginlerini ýokarlandyrmak boýunça zerur tagallalaryň edilýändigi barada giňişleýin maglumat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kabul edilen bugdaý hasylyny degişli derejede saklamak hem-de ony gaýtadan işlemek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde orakdan boşan meýdanlarda alnyp barylýan sürüm we tekizleýiş işleri agrotehniki talaplara laýyk ýola goýulmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň gowaça we gant şugundyry ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagynyň möhüm talapdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde sebitiň ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligine örän jogapkärçilikli çemeleşilmelidigine üns çekilip, bu ugurda häkime birnäçe tabşyryklar berildi. Hormatly Prezidentimiz häzirki wagtda ýeralma, gök-bakja we beýleki önümleriň bolçulygyny üpjün etmegiň aýratyn talapdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamak barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra wise-premýer A.Ýazmyradow ýurdumyzda oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, aýratyn-da, ýetişdirilen bugdaý hasylyny saklamak, orakdan boşan meýdanlarda sürüm we tekizlemek işlerini geçirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda ideg işleri agrotehniki kadalara laýyklykda geçirilýär, ösüş suwy tutulýar. Şunda gowaça ekilen meýdanlarda kesellere we zyýankeşlere garşy göreş çäreleri degişli derejede ýola goýulýar. Şol bir wagtyň özünde pagta ýygymyna taýýarlygyň çäklerinde pagta arassalaýjy kärhanalary we pagta kabul ediş harmanhanalaryny möwsüme taýýarlamak boýunça zerur işler alnyp barylýar.

Şeýle-de wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynyň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak we suw üpjünçiligi boýunça işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, şu günler alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, aýratyn-da, orakdan boşan meýdanlarda geçirilýän sürüm we beýleki oba hojalyk işlerinde hereket edýän kuwwatly tehnikalaryň doly güýjünde, netijeli ulanylmagynyň wajypdygyny belledi.

Şeýle-de hormatly Prezidentimiz welaýatlarda gowaça edilýän ideg işleriniň agrotehniki kadalara laýyklykda ýola goýulmagynyň wajypdygyny nygtap, ekerançylyk meýdanlarynyň suw bilen üpjünçiligini gowulandyrmak, suw howdanlarynyň işini talabalaýyk ýola goýmak, umuman, suw serişdelerini rejeli peýdalanmak babatda wise-premýere birnäçe görkezmeler berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda ýerleri geljek ýylyň hasyly üçin taýýarlamak, kärendeçi daýhanlary ýokary hilli tohumlar, dökün bilen üpjün etmek meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, bu işleriň milli daýhançylyk däpleri we häzirki zamanyň ösen tejribesi esasynda alnyp barylmalydygyny belledi. Şunda önümçilige oba hojalyk ylmynyň öňdebaryjy gazananlarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmegiň ilkinji nobatdaky talapdygyny aýdyp, olaryň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuşyny has-da gowulandyrmak boýunça alnyp barylýan işlerde möhüm orun eýeleýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, berkarar Watanymyzyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.