Habar

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda sebitleri durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleri ýerine ýetirmek, möwsümleýin oba hojalyk işlerini geçirmek hem-de öňde boljak baýramçylyk senelerine taýýarlyk görmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny açyp, ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanowa söz berdi. Häkim welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda ideg işleriniň geçirilişi, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Şeýle hem welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu gymmatly çig maly tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hem hasabat berildi.

Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri hakynda hem aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek bilen bir hatarda, bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilişine, ekinleriň mineral dökünler bilen üpjün edilişine, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleriň ulanylyşyna uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi gysga möhletde ýokary derejede geçirmek bilen bagly işlere aýratyn üns bermegi, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň, galla kabul edýän bölümleriň we hasyly daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsüme birkemsiz taýýarlanylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilýän ýörite toparlar öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Hormatly Prezidentimiz ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmegiň, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň, Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda göz öňünde tutulan işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmegiň döwrüň möhüm talabydygyny belläp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Welaýatda pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de bu babatda bellenen şertnamalaýyn borçnamany doly berjaý etmek boýunça işlere hem berk gözegçilik edilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu wakanyň mekdep uçurymlarynyň aňynda hemişelik ýakymly ýatlama bolup galmalydygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň gögeriş alnan ekerançylyk meýdanlarynda degişli agrotehniki çäreleriň geçirilýändigi barada hasabat berdi.

Günbatar sebitde halkymyzyň rysgal-berekedi bolan galla oragyna başlamak we ony guramaçylykly geçirmek işlerine-de doly taýýarlyk görüldi.

Mundan başga-da, ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar.

Häzir pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işler hem bildirilýän talaplara laýyklykda dowam edýär.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy hem-de orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça meýdanlarynda gymmatly ekine talabalaýyk ideg etmegiň bereketli hasyl almagyň özenidigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagyň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.

Gowaçany mineral dökünler bilen üpjün etmekde hiç hili bökdençlikler bolmaly däldir. Şonuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigini belläp, taýýarlanylýan bioönümleriň ýerlikli ulanylmagy barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişmek maksady bilen, möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň bökdençsiz hem-de öndürijilikli işledilmegini üpjün etmegi, galla kabul ediş bölümleriniň işini talabalaýyk ýola goýmagy tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilen ýörite toparlaryň düzümine girýän hünärmenler öz işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidirler.

Döwlet Baştutanymyz ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmagyny tabşyrdy.

Dokma pudagy üçin zerur çig mal bolan pile tabşyrmak möwsüminiň dowam edýändigi bilen baglylykda, bu işleri netijeli jemläp, pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamanyň doly berjaý edilmegi üçin hemme çäreleriň görülmegi zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda dowam edýän gurluşyk işlerini berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini aýdyp, olaryň bellenen möhletinde we ýokary hil derejesinde tabşyrylmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasynyň bu ajaýyp waka mahsus derejede guramaçylykly geçirilmelidigini belledi.

Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradowyň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim demirgazyk sebitde alnyp barylýan işler barada aýdyp, gowaça ekişini geçirmek we gögeriş alnan meýdanlarda ideg işleriniň geçirilişi barada hasabat berdi.

Welaýatda galla oragyna üstünlikli girişmek hem-de zähmetsöýer gallaçylaryň durmuşynda bu jogapkärli möwsümi guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar.

Hasabatyň çäklerinde ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek we bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, ýüpek gurçugyna kada laýyk ideg etmek hem-de şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berildi.

Şonuň ýaly-da, häkim welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaga hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaça ekilen meýdanlaryň gögeriş alnan ýerlerinde ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmeginiň möhümdigini aýdyp, bu işde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde işledilmegini gazanmagy tabşyrdy hem-de gowaça ekişiniň depginini güýçlendirmegi talap etdi. Gowaça ekilen meýdanlar mineral we beýleki dökünler bilen doly üpjün edilmelidir. Zyýankeşleriň hem-de keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça işler, şol sanda biokärhanalarda taýýarlanylýan bioönümleriň talabalaýyk ulanylmagy babatda degişli görkezmeler berildi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyna başlamak, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek baradaky meselä ünsi çekip, möwsümde işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň hem-de galla kabul ediş bölümleriniň işini doly derejede bökdençsiz üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmäge we işleri guramaçylykly alyp barmaga degişli döredilen ýörite toparlaryň hünärmenleri öňlerinde goýlan wezipeleri ýokary derejede ýerine ýetirmelidirler.

Hormatly Prezidentimiz ilatymyzy türkmen topragynda öndürilýän ýeralma we gök-bakja önümleri bilen doly üpjün etmegi möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitläp, bu ekinleri ösdürip ýetişdirmekde ekerançylykda öňdebaryjy tejribäniň ulanylmagynyň döwrüň talabydygyny aýdyp, bu babatda häkime degişli görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz oba hojalygynda ýetişdirilýän ýene bir gymmatly çig mal bolan pile taýýarlamak baradaky meselä ünsi çekip, şu günler bu möwsümi netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça ýerine ýetirilmeli işler barada häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydyr.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge taýýarlyk görlende, bu ugra degişli ähli meseleleriň göz öňünde tutulmalydygyny tabşyrdy.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýew sebitiň gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň alnyp barlyşy, galla oragyny guramaçylykly geçirmäge hemmetaraplaýyn taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, häkim ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan işler barada aýtdy.

Hasabatyň dowamynda şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşy barada hem hasabat berildi.

Şonuň ýaly-da, welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine üns berildi.

Soňra häkim hormatly Prezidentimize hoş habary ýetirdi. Welaýatda pile tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany abraý bilen ýerine ýetirdiler. Ýüpekçiler 1010 tonna pile tabşyrmak bilen, şertnamalaýyn borçnamalaryny doly berjaý etdiler. Şu mynasybetli häkim welaýatyň ähli ýüpekçileriniň adyndan şeýle üstünligi gazanmaga döredilen şertler we mümkinçilikler hem-de berlen goldawlar üçin Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ýüpekçilerini bu üstünlik bilen gutlap, olara çeken asylly we yhlasly zähmetleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam edip, gazanylan üstünlik bilen çäklenmän, öňde goýlan beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň hem möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz şu günler gowaça ideg işleri bilen bir hatarda, oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny doly güýjünde peýdalanmak, ekinleri mineral dökünler bilen üpjün etmek, şol sanda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak ugrunda bioönümleri netijeli ulanmak meselesine uly ähmiýet bermegiň zerurdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça işleri aýratyn gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, orakda işlediljek däne ýygýan kombaýnlaryň we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglaryň möwsümde doly güýjünde ulanylmagyny, galla kabul ediş bölümleriniň bökdençsiz işini üpjün etmegi tabşyrdy. Galla oragynyň geçirilişine gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak maksady bilen döredilýän ýörite toparlar öňlerinde goýlan wezipelere amal etmäge örän jogapkärçilikli çemeleşmelidirler.

Ýeralma, gök we bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek boýunça bellenilen agrotehniki çäreleri öz wagtynda geçirmek, topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda hem-de ekerançylygyň medeniýetini gowulandyrmakda möhüm ähmiýeti bolan suw tygşytlaýjy tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasynda meýilleşdirilen işleri öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek döwrüň möhüm talabydyr diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda gurlup, ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işlerine ünsi çekip, bu wakanyň mekdep uçurymlarynyň durmuşynda hemişelik ýakymly ýatlama bolup galmalydygyny aýtdy.

Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew sebitde alnyp barylýan işler, gowaça ideg etmek işleriniň ýerine ýetirilişi, galla oragyna guramaçylykly girişmek we bu möwsümi ýokary derejede geçirmek işlerine-de doly taýýarlyk görülýändigi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, ýeralma we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmekde hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmekde daýhanlar ähli mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýarlar.

Şeýle hem häkim şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy hem-de orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasyny guramaçylykly geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Soňra häkim welaýatyň ýüpekçileriniň 440 tonnadan gowrak hasyl tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirendiklerini habar berdi. Welaýatyň häkimi ähli zähmetkeşleriň adyndan şeýle ajaýyp üstünligi gazanmakda döwlet tarapyndan döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirildi.

Arkadagly Serdarymyz bu zähmet ýeňşi bilen welaýatyň ähli ýüpekçilerini mähirli gutlap, olaryň bu üstünliginiň dokma senagatymyzy gymmatly çig mal bilen üpjün etmekde möhümdigini belledi hem-de munuň üçin olara tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz sözüni dowam edip, oba hojalyk pudagynda işleriň hemişe ýetikdigini aýtmak bilen, häzirki möhüm wezipelere ünsi çekdi. Hormatly Prezidentimiz şu günler gowaça talabalaýyk ideg etmegiň geljekde “ak altynyň” bol hasylyny ösdürip ýetişdirmegiň kepilidigini belledi. Şoňa görä-de, ideg işlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň we gurallarynyň doly güýjünde kada laýyk işledilmegi zerurdyr.

Bu ekinleri dökünler bilen üpjün etmekde hiç hili bökdençlikler bolmaly däldir. Şonuň bilen birlikde-de, döwlet Baştutanymyz gowaça meýdanlarynda zyýankeşleriň we keselleriň ýüze çykmagynyň öňüni almak boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine ünsi çekip, bu babatda taýýarlanylýan bioönümleriň ýerlikli ulanylmagy barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýakynlaşyp gelýän galla oragyna hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişmek üçin möwsümde däne ýygýan kombaýnlaryň we hasyly daşamakda awtoulaglaryň, galla kabul ediş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegiň wajypdygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk tabşyryklary berdi. Galla oragynyň barşyna gözegçilik etmek we işleri guramaçylykly alyp barmak boýunça döredilen ýörite toparlar işlerine jogapkärli we guramaçylykly çemeleşmelidirler.

Döwlet Baştutanymyz ýeralma we gök-bakja ekinleriniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy bolelin üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň hemişe gözegçilikde saklanylmalydygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz şu ýyl welaýatda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalarda gurluşyk işleriniň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini nygtap, desgalaryň bellenen möhletinde we ýokary hilli tabşyrylmagyny üpjün etmek barada häkime degişli görkezmeleri berdi.

Welaýatyň orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy bu ajaýyp waka mahsus derejede guramaçylykly geçirilmelidir.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew şu günler ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, gowaça we ak ekinlere degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn çäreler, şeýle hem galla oragyna guramaçylykly hem-de bellenilen möhletlerde girişmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde ýeralmany we gök-bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek hem-de bu önümler bilen ilatymyzy üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işleriň döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyk dowam edýändigi barada habar berildi.

Şeýle hem wise-premýer şu günler dowam edýän pile taýýarlamak möwsümini netijeli jemlemek hem-de pile tabşyrmak baradaky bellenen meýilnamany doly berjaý etmek boýunça işleriň bildirilýän talaplara laýyklykda ýerine ýetirilýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, gowaçanyň, bugdaýyň we beýleki ekinleriň bol hasylyny kemala getirmek boýunça alnyp barylýan işler agrotehnikanyň kadalaryna doly laýyk gelmelidir diýip, wise-premýere bellenilen wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde azyk bolçulygynyň üpjün edilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra iş maslahatyna gatnaşanlar ýakynlaşyp gelen ajaýyp sene — Aşgabat şäheriniň güni we “Soňky jaň” dabarasy bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli gutladylar. Olar bu wakanyň halkymyzyň durmuşynda mynasyp orun alandygyny belläp, hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gutlaglar üçin minnetdarlyk bildirip, bu ajaýyp baýramçylygyň her bir türkmenistanlynyň guwanjyna öwrülendigini belledi. Ata Watanymyzyň täze taryhy senenamasyna altyn harplar bilen giren bu şanly seneler raýatlarymyzyň Watana bolan söýgüsini has-da artdyrýar, mähriban halkymyzy il-ýurt bähbitli, döwletli işlere ruhlandyrýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, berkarar Watanymyzyň gülläp ösmeginiň, halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.